Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da do­wam ed­ýän 16-njy ýe­ňil at­le­ti­ka Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ga­ra­şyl­ma­dyk tür­gen­ler çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni bat alan çem­pio­nat­da bir­nä­çe ugur­dan me­dal­lar gow­şu­ryl­dy. Iň soň­ky sa­par Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan­dygy­ny ha­bar be­ren Usain Bolt 100 metr yl­gaw­da 12 ýyl­dan soň, yza gal­dy. Go­laý­da 31 ýa­şy­ny dol­dur­jak Bolt Olim­pia­da­nyň we Dün­ýä­niň çem­pio­ny ame­rik­lay Jas­tin Gat­lin­den hem-de onuň wa­tan­da­şy Kris­ti­an Ko­ul­men­den soň, 3-nji or­ny eýe­le­di. Şeý­le­lik­de, 2008-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek Usain Bolt 100 metr yl­ga­mak­da gar­şy­daş­la­ryn­dan yza gal­dy. Ol 2011-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da gy­zyl pe­tek alyp, fi­nal tap­gy­ry­na gat­na­şyp bil­män­di. 100 metre yl­ga­mak­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da ame­ri­ka­ly­lar ýa­maý­kaly­lar­dan öňe saý­lan­dy. To­ri Bo­wi 10,85 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan ge­çip, al­tyn me­da­lyň eýe­si bol­dy. Mah­la­sy, 12 ýyl­dan soň, 100 metr yl­gaw­da hem er­kek­le­riň, hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ABŞ-ly tür­gen­ler Ýa­maý­ka­nyň yl­ga­ýjy­la­ry­ny yz­da gal­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Usain Bolt ýa­ly bu çem­pio­nat­dan soň, ka­rýe­ra­sy­ny ta­mam­la­jak Mo Fa­rah 10000 met­re yla­ga­mak­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol 2011-nji ýyl­dan bä­ri gat­na­şan äh­li iri ýa­ryş­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­läp gelýär. Bu onuň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky 6-njy al­tyn me­da­ly­dyr. 400 metr­de Gü­nor­ta af­ri­ka­ly Olim­pi­ýa çem­pio­ny, re­kor­dyň eýe­si Waý­de wan Ni­ke­rik ýe­ne-de ýe­ňiş ga­zan­dy. Ma­ra­fon­da ke­ni­ýa­ly Jeoff­reý Ki­rui gar­şy­daş­la­ryn­dan öňür­ti pel­le­ha­na­dan geç­me­gi ba­şar­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da ma­ra­fon­da bah­reýn­li Ro­uz Çe­li­mo 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. 10000 metr­de efio­pi­ýa­ly Al­maz Aýa­na Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan soň, Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy. Sy­ryk­ly bök­mek­de gre­si­ýa­ly Eka­te­ri­ni Ste­fa­ni­di hem Olim­pia­dadan soň, bu ýer­de-de al­tyn me­da­ly boý­nu­na dak­dy. Üçür­dik­läp bök­mek­de we­ne­sue­la­ly Ýu­li­mar Ro­has ýe­ňiş ga­za­nan bol­sa, ga­za­gys­tan­ly Ol­ga Ry­pa­ko­wa Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan soň, Lon­don­da-da bü­rünç me­da­ly eýe­le­di.
Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da (10-njy aw­gus­ta çen­li) ABŞ-ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­lar 4, ke­ni­ýa­ly­lar 3, Gü­nor­ta af­ri­ka­ly­lar 2 al­tyn me­dal ga­zan­dy. Ame­ri­kan­la­ryň 5 kü­müş, 6 bü­rünç me­da­ly-da bar.
Ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da şu gü­nem, er­ti­rem me­dal­lar gow­şu­ry­lar. Çem­pio­nat er­tir ag­şam­ky ýa­ryş­lar­dan soň ta­mam­la­nar.