Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Çe­hi­ýa­da ge­çi­ril­di. Brno şä­he­rin­de gu­ra­lan bäsleşikde “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes il­kin­ji ha­tar­dan bat al­dy. Ol 22 aý­lawy 44 mi­nut 15,974 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 32-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Mar­kes­den 12,4 se­kunt yza ga­lan to­par­da­şy hem wa­tan­da­şy Da­ni Ped­ro­sa 2-nji, “Mo­wis­tar Ýa­ma­ha­dan” baş­ga bir is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji Ma­we­rik Win­ýa­les 3-nji or­ny eýe­le­di. Ge­çi­ri­len bu ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 154-e ýe­ti­ren Mark Mar­kes ara­ny az-ow­lak aç­dy. Pi­lot­la­ryň sa­na­wyn­da 140 utuk­ly Ma­we­rik Win­ýa­les 2-nji orunda bar­ýar. De­giş­li­lik­de, 133 we 132 utuk­ly ital­ýan sü­rü­ji­le­ri And­rea Do­wi­zio­so bi­len Wa­len­ti­no Ros­si 3–4-nji ýer­le­ri paý­laş­ýar­lar. Çem­pi­on­ly­gyň ýe­ne bir da­laş­gä­ri Da­ni Ped­ro­sa 123 utuk top­la­dy we 5-nji ha­tar­da bar­ýar.