Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toý dabaralara beslenýär. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda behişdi nygmatymyz hasaplanýan Türkmen gawunynyň baýramy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralan dabaralar baý many-mazmuna eýe boldy.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Aziýa yklymynyň iri sport ýaryşy bolan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galdy. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, iri sport forumyny geçirmek hukugyna eýe bolan paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine görk goşýan Olimpiýa şäherjiginde guralan “Aziada-2017-niň tagamlary” atly sergi hem-de türkmen we daşary ýurt sungat ussatlarynyň gala konserti Aziýanyň iri sport baýramçylygyna taýýardygymyzyň nobatdaky subutnamasy boldy.
“AWTOULAGSYZ GÜN” –
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ KEPILI
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda tebigaty goramak hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oýlanyşykly ekologiýa syýasaty dabaralanýar. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna 50 hem-de 30 günüň galmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän günlerinde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresi hem geçirildi. Bu gezekki ekologiýa çäresi bilen bir hatarda durmuş maksatly täze desgalar hem gurlup, ulanylmaga berildi.
Şanly waka mynasybetli guralan çäreler köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy. Ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ilatyny, umuman, watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemledi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralýan şunuň ýaly köpçülikleýin sport çäreleri ýurdumyzda asylly ýörelgä öwrüldi. Tebigaty goramagyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini bellemeli. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp ähmiýetli bolup durýar. Milli Liderimiz daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Ähli giň möçberli milli durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum taslamalary adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr.
Tebigaty goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyz BMG-niň biologiýa köpdürlüligi hakyndaky, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de netijeli peýdalanmak boýunça tebigaty goraýyş Konwensiýalaryny tassyklady. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistan howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyna gol çekdi.
DURMUŞ SYÝASATYNYŇ
DABARALANMAGY
Milli Liderimiziň türkmen halkynyň abadan, asuda hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen durmuş syýasaty işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde hem-de paýtagtymyz Aşgabatda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy uly depginde dowam etdirilýär. Şu gezegem Aşgabadyň gözel künjeginde nebit-gaz toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, Saglyk hem-de hyzmat öýüniň açylyş dabaralary boldy.
Milli Liderimiz welosipedde ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine geldi. Nebit-gaz toplumynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylan bu taslamanyň umumy bahasy 220 million 347 müň manatdan gowrakdyr.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy esasynda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi we ýerasty duralgasy bolan her biri 72 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si bina edildi. Olaryň hersinde belent, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan amatly öýler bar. Onda umumy meýdany 194,44 inedördül metr bolan 3 otagly öýleriň 8-si, umumy meýdany 248,05 inedördül metr bolan 4 otagly öýleriň 44-si, şeýle hem umumy meýdany 275,35 inedördül metr bolan 5 otagly öýleriň 92-si bar. Täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Öýlerde döwrebap tehnikalar we ajaýyp enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar we suwa düşülýän otaglar bar.
Şeýle jaýlaryň birinden 3 otagly öý almak bagty miýesser eden Töräýewleriň maşgalasy hormatly Prezidentimizi myhmançylyga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz olarda myhmançylykda bolup, öý eýeleri bilen ýakyndan tanyşdy.
Soňra milli Liderimiz Ankara köçesinde gurlan hem-de 40 müň adama hyzmat etmäge niýetlenen Saglyk hem-de Hyzmatlar öýi bilen tanyşdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz täze binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň altysy – Demokratik we Agrar partiýalar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär.
“AZIADA–2017-NIŇ TAGAMLARY”
ATLY SERGI
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp, bu ýerde guralan “Aziada–2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy. Sergi oýunlaryň açylmagyna çenli 30 günüň galmagyna bagyşlandy.
Şeýle hem bu ýerde Türkmen gawunynyň güni mynasybetli naýbaşy bakja önümlerine bagyşlanan baýramçylyk dabaralary hem geçirildi. Şu mynasybetli sport şäherjiginiň çäklerini gawundan doldurylan tekjeler, sergiler bezedi. Şolarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bakjaçylary hem-de seçgiçileri özleriniň iň oňat “eserlerini” – gawunlaryň altynsow öwüşginli saýlama görnüşlerini hem-de garpyzlary, kädileri, şeýle hem türkmen topragynyň bu peşgeşleriniň gaýtadan işlenen önümlerini görkezdiler. Şol önümleriň arasynda bakja önümleriniň has uly möçberlileri ünsi özüne çekdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşboý ysy bilen bark urýan gawun-garpyz galereýasynyň deňinden geçip, türgenleriň naharhanasyna tarap ugrady.
Aşpezlik şüweleňinde oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň 64-siniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndysynyň we ýene-de iki doganlyk döwletiň – Azerbaýjanyň we Türkiýäniň nahar bişirmek däpleri görkezildi. Milli aşhanalaryň baýramçylygyny guramaga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ulgamyndan 20-ä golaý restoranlaryň işgärleri çekildi.
Ýeri gelende aýtsak, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň mynasyp geçirilmegine taýýarlyk görmekde türkmen işewürliginiň neneňsi uly goşant goşýandygyna Aziadanyň myhmanlaryna hyzmat etmek üçin TSTB tarapyndan ýörite satyn alnan täze awtomobiller hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol awtoulaglaryň 10-sy oýunlaryň nyşanlary we şekilleri bilen bezelen görnüşde şu gün serginiň girelgesinde hatara goýlupdyr. Aslynda, şeýle ulaglaryň 60-dan gowragy getirildi. Olar ýeňil we ýolsuz ýerden ýöreýän BMW hem-de Mini Cooper awtoulaglarydyr.
Aziadanyň tagamlarynyň sergisi barada aýdylanda bolsa, “Gül Zaman” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylygynda esasy türkmen baş aşpezleri bilen bir hatarda Şweýsariýanyň “Gourmet Sports Hospitaliti AG.” kompaniýasynyň hereket edendigini bellemek gerek.
Her ýurduň baýdagy astynda 4-den 6-a we şondan hem gowraga çenli tagamlaryň görnüşleri görkezildi. Merkezi Aziýa halklarynda, mysal üçin, kebap ýa-da palaw ýaly meňzeş tagamlar bar, emma olaryň ählisi milli aşhana usullarynyň, goşulýan goşundylaryň peýdalanylmagy we beýlekiler netijesinde, uly aratapawuda eýedir.
Çärä gatnaşyjylar türkmen aşpezleriniň ýerine ýetirmegindäki gyzyklanma döreden adaty bolmadyk ýa-da tersine, iň halaýan naharlaryny, uly yhlas we oýlanyşma bilen taýýarlanylan ajaýyp işdäaçarlary hem-de süýjülikleri diňe bir dadyp görmän, eýsem, oňaýly stoluň başynda amatly ýerleşip, halan naharlaryny buýurmaga mümkinçilik aldylar.
SPORTUŇ ŞANYNA
DÖREDIJILIK AGŞAMY
Ýurdumyzyň we daşary döwletlerden gelen sungat ussatlarynyň konserti “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna bir aýyň galmagy mynasybetli wakalara baý bolan günüň jemleýji çäresine öwrüldi. Milli Liderimiz hem döredijilik agşamyndaky dürli öwüşginli çykyşlaryň hormatly tomaşaçysy boldy.
Baýramçylygyň baý mazmunly döredijilik maksatnamasynda türkmen sungatynyň özboluşlylygy, däpleriň yzygiderliligi öz beýanyny tapdy.
Şeýle hem konserte belli estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji Jon Nýumen gatnaşdy. Onuň “Love Me Again” atly ilkinji aýdymy Beýik Britaniýanyň UK Singles Chart-2013 atly aýdym-saz bäsleşiginde birinji orny eýeläpdi. Türkmenistanlylar meşhur britan aýdymçysynyň döredijiligi bilen ilkinji gezek şu ýylyň aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralan konsert maksatnamasynda tanyşdylar. Biziň gadymy we müdimi juwan topragymyza, onuň yklym derejesindäki sport bäsleşigine işjeň taýýarlygyna bolan gyzyklanma Jon Nýumeni ýene-de Türkmenistana alyp geldi. Bizde bolsa, dostlary aýratyn mähir we güler ýüz bilen garşylamak myhmansöýerligiň däbidir.
Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalary beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşyp gidýän “Türkmenistanym” atly aýdym konsertiň jemleýji çykyşy boldy. Soňra bu ýerde milli Liderimiziň ägirt uly monitorlarda ýaňlanan “Bagt nury” we “Ýadymda” diýen aýdymlary we konserte gatnaşyjylaryň olary alyp götermegi uly täsir döredip, şol günki dabara aýratyn ähmiýet we joşgunlylyk çaýdy.
Hormatly Prezidentimiziň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň senasy hökmünde saýlanyp alnan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy konsertiň jemleýji pursadyna öwrüldi. Eziz Watanymyzyň şu gününe we nurana geljegine bagyşlanan bu aýdymy hem köp sanly tomaşaçylar alyp göterdiler. Aşgabadyň agşamky asmanyny ýagtylandyran ajaýyp feýerwerk baýramçylyk agşamyny tamamlady. Ýygnananlar bu yşyklara höwes bilen tomaşa etdiler, olar “Aşgabat 2017”-ä bagyşlanyldy.