12-nji awgustda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Neşir kanunçylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Türkmenistanyň IIM-niň alyp barýan işlerine bagyşlanypdyr. Kitapda döwlet gurluşynyň bu möhüm edarasynyň kemala gelmeginiň taryhy hem-de bu düzümlerde köp ýyllaryň dowamynda işlän we baý tejribe toplan Mälikguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy açylyp görkezilýär.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler milli Liderimiziň täze kitabynyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini hem-de onuň nesiller, aýratyn-da, içeri işler edaralarynyň şahsy düzümi üçin özboluşly mekdepdigini bellediler. Şeýle hem halkymyzyň parasatly ruhy ýörelgeleri barada gürrüň edildi. Şol däp-dessurlaryň biri hem ýaşuly nesle hormat goýmak, olaryň maslahatlaryna eýermek, dowamatlylyk we halypaçylyk ýörelgeleridir. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Içeri işler ministrliginiň weteranlary çykyş edip, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda içeri işler edaralarynyň milli mekdebiniň döredilişi baradaky ýatlamalaryny paýlaşdylar.
Garaşsyz döwletimiziň kemala gelýän döwürlerinde ýerine ýetiriji häkimiýet döwlet edaralarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýan milli hukuk goraýjy ulgamyň döredilmeginde Mälikguly aga uly orun degişlidir. Bular göz öňünde tutulyp, IIM-niň Weteranlar geňeşi bu ajaýyp ynsanyň bitiren hyzmatlarynyň hormatyna Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medaly esaslandyrmagy teklip etdi. Bu teklip Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberiler.
Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasynda täze kitapdan bölekler okaldy, onuň ahlak-watançylyk ähmiýeti, many-mazmun çuňlugy hem-de ýokary çeperçilik derejesi nygtaldy. Kitabyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuşyň manysy – okamakdyr. Hut şu pikir hem täze neşiriň pelsepe özeni boldy.