Braziliýada geçirilen täze barlaglara 60 ýaşdan ýokary 42 zenan gatnaşyp, hünärmenler olaryň beýnisiniň gurluşynyň şekilini surata düşüripdirler. Olaryň ýarysyndan gowragy 15 ýyl bäri ýoga bilen meşgullanyp gelýän eken. Barlag geçirijiler ýoga bilen meşgullanýanlaryň beýnisiniň alynky böleginiň bardalarynyň galyňdygyny ýüze çykarypdyrlar. Mälim bolşuna görä, beýniniň alynky bölegi meýilleşdirmek, karara gelmek, ýatkeşlik ýaly birnäçe möhüm işleri berjaý edýär. Mundan ozalky geçirilen barlaglarda adamyň beýnisiniň alynky böleginiň bardasy näçe galyň bolsa, şonça hem onuň ýadynyň güýçli bolýandygy aýdyňlaşdyryldy.