Iki çaý çemçesi duz onçakly köp däl ýaly. Ýöne Garward uniwersitetiniň bilermenleriniň geçiren barlaglary onuň ýürege zyýan ýetirmegi üçin doly ýeterlikdigini subut etdi. Şeýlelikde, günde 3,73 gram duzuň ulanylmagy (iki çaý çemçesi) ýüregiň kameralarynyň ulalmagyna sebäp bolup biler.
Belli bolşuna görä, ýüregiň myşsalaryna agram düşende ýürek ulalmak bilen bolýar. Oňa hem ýokary gan basyşy sebäp bolýar. Netijede, ýürege çenden artyk agram düşýär we ýürek urmasynyň ýygylygy artýar. Ähli zat ýönekeý: duz, hakykatdan hem, gan basyşyny güýçlendirip, ýüregagyra, insulta we böwregagyra sebäp bolýar. Günbataryň lukmanlarynyň kabul eden kadalaryna görä, uly ýaşly adamyň ulanmaly duzy her günde bir çaý çemçesi duzuň dörtden bir böleginden geçmeli däldir. Ýöne kähalatlarda adamlar adatça, duzy gereginden artyk ulanýarlar.