Ukraina öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda azyndan 70 uçar öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär. Kompaniýanyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar hem-de marketing maksatnamasy işlenip düzüldi. “Antonow” “AN-178” kysymly uçarlaryň 20-sini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Aziýa, Türkiýe hem-de Afrika ýurtlaryna ýerlemegi göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, raýat uçar öndürijileriň bazarynda bäsdeşlik edip biljek şereketleriň sany köpelýär.
Soňky ýyllarda “Antonow” kärhanasynyň önümçiliginiň täzeden ýola goýulmagy üçin işler alnyp baryldy. 2015-nji ýylda “AN-148” hem-de “AN-158” kysymly uçarlar öndürildi.
Bu kärhana Ukrainanyň awiatehnikalary öndürýän we işläp taýýarlaýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Ýük, raýat hem-de ýörite maksatly uçarlaryň önümçiligi, olaryň taslamalaşdyrylmagy hem-de abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen meşgullanýar. “AN-32”, “AN-148”, “AN-158”, “AN-74”, “AN-124”, “AN-70” we “AN-225” hem-de “AN-178” kysymly uçarlaryň önümçiligi boýunça işleýär. “AN-132” ýük uçarynyň synag işleri geçirildi. Ol “AN-32” uçary esasynda döredildi.