Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň mil­li ny­şan­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan, Lon­don şä­he­rin­dä­ki West­mi­nis­ter köş­gü­niň sa­gat di­ňi­niň “Big-Ben” ja­ňy soň­ky ge­zek şu ýy­lyň 21-nji aw­gus­tyn­da ka­ky­lar. Şon­dan soň­ra diň tu­tuş­ly­gy­na ýa­py­lar we uly göw­rüm­li abat­la­ýyş iş­le­ri­ne gi­ri­şi­ler. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň par­la­men­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Bu bi­na 2012-nji ýyl­da res­mi taý­dan “Ýe­li­za­we­ta di­ňi” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.
Lon­don şä­he­ri­niň ny­şa­nyn­da­ky abat­la­ýyş iş­le­ri 4 ýyl do­wam edip, onuň tä­ze­den 2021-nji ýyl­da iş­läp baş­la­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Sa­ga­dyň sak­çy­la­ryn­dan Stiw Jaggz sa­gat di­ňin­de düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Bu diň 1859-njy ýyl­da gur­lup­dy. Di­ňiň esa­sy ja­ňy, ýag­ny “Big-Ben”-iň ag­ra­my 13,7 ton­na. Her sa­gat­da oňa çe­kiç bi­len urul­ýar. Jaň soň­ky 157 ýy­lyň do­wa­myn­da gi­je-gün­diz iş­le­di. Soň­ky ge­zek 2007-nji ýyl­da on­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­lip­di. 30 ýyl mun­dan ozal bol­sa, abat­la­ýyş iş­le­ri alnyp baryldy.
Ýe­li­za­we­ta di­ňi­ni düýp­li abat­la­mak çöz­gü­di sa­ga­dyň we bi­na­nyň özü­niň abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge ze­rur­lyk duý­ýan­dy­gy üçin ka­bul edil­di.
Lon­do­nyň ra­ýat­la­ry­ny we onuň myh­man­la­ry­ny 21-nji aw­gust­da Par­la­ment meý­dan­ça­sy­na ça­gyr­ýar­lar we şol gün “Big-Ben”-iň soň­ky ge­zek ka­ky­lan jaň se­si­ eşidiler. Soň­ra ja­ňyň se­si­ni eşit­mek üçin 4 ýyl ga­raş­ma­ly bo­lar.
Sa­gat di­ňi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri­ne dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan hü­när­men­ler ça­gy­ryl­dy. Abat­la­ýyş iş­le­ri üçin 29 mil­li­on funt ster­ling sarp edi­ler we bu se­riş­de­ler par­la­men­tiň býu­je­ti­niň ha­sa­by­na ama­la aşy­ry­lar. Be­ýik­li­gi 96 met­re ba­ra­bar bo­lan bi­na­da abat­la­ýyş iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de hü­när­men­le­riň iş­le­me­gi üçin ýö­ri­te lift gur­na­lar.