Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da 20–21-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. 20-nji tap­gyr­da 2 oýun deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Öň­de­ba­ry­jy “Ahal” myh­man­çy­lyk­da “Şa­ga­dam” bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. “Al­tyn asyr” öz meý­dan­ça­syn­da “Bal­ka­ny” 5–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew, Se­lim Nur­my­ra­dow, Mu­rat Ýak­şi­ýew (2) hem-de Ars­lan­my­rat Ama­now der­we­zä gi­riz­di. Öz meý­dan­ça­syn­da “Ener­ge­tik­den” 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan “Tu­ran” şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. “Merw” bi­len “Kö­pet­da­gyň” ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy.
21-nji tap­gyr­da oý­na­lan 4 du­şu­şy­gyň 2-sin­de myh­man­lar, 2-sin­de-de ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Je­mi 9 gol der­we­zä gi­ri­zi­lip, ýeň­li­şe se­ze­war bo­lan to­par­lar ýe­ke pök­gi hem ge­çi­rip bil­me­di. Sa­na­wyň li­de­ri “Ahal” öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan “Tu­ra­ny” ka­bul et­di. Ýer eýe­le­ri Wa­hyt Oraz­sä­he­do­wyň het-tri­gi bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Soň­ky çem­pi­on “Al­tyn asyr” myh­man­çy­lyk­da “Ener­ge­tik” bi­len du­şu­şyp, 2–0 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Gol­la­ry Mi­ha­il Ti­tow bi­len Mu­rat Ýak­şi­ýew der­we­zä gi­riz­di. Edil şo­nuň ýa­ly ne­ti­je paý­tagt der­bi­sin­de-de ha­sa­ba al­nyp, “Aş­ga­bat” myh­man­çy­lyk­da “Kö­pet­da­gy” ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da Azat we Ber­di Şa­my­ra­dow­lar ta­pa­wut­lan­dy. Ke­nar­ýa­ka şä­he­ri­niň we­ki­li “Şa­ga­dam” hem öz meý­dan­ça­syn­da 3 utu­gy 2 gol bi­len ga­zan­dy. Olar Ma­ry­nyň “Merw” to­pa­ry­ny Amir Gur­ba­ni­niň 2 go­ly (1-si pe­nal­ti) bi­len ut­ma­gy ba­şar­dy.
21-nji tap­gyr­dan soň, iň köp pök­gi ge­çi­ren­le­riň sa­na­wyn­da 15 gol bi­len Mu­rat Ýak­şi­ýew 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 12 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Wa­hyt Oraz­sä­he­dow bi­len Amir Gur­ba­ni 2–3-nji ýer­le­ri paý­laş­ýar­lar.
Çem­pio­na­tyň in­di­ki tap­gy­ryn­da sa­na­wyň li­de­ri “Ahal” bi­len soň­ky çem­pi­on “Al­tyn asyr” du­şu­şar. Şeý­le-de “Şa­ga­dam” “Aş­ga­ba­dy”, “Tu­ran” “Mer­wi”, “Ener­ge­tik” “Bal­ka­ny” ka­bul eder. 22-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry 19-njy aw­gust­da, ýag­ny şu gün oý­na­lar.