Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­ny 2 oý­nuň ne­ti­je­sinde “La Li­ga­nyň” çem­pio­ny “Re­al Mad­rid” eýe­le­di. Olar “Kamp Nou­da” oý­na­lan 1-nji du­şu­şyk­da eze­li bäs­de­şi­ “Barselonany” 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 50-nji mi­nut­da Pi­ke öz der­we­ze­sin­den gol ge­çi­rip, ha­sa­by aç­dy. 77-nji mi­nut­da Mes­si pe­nal­ti­ni dürs urup ha­sa­by deň­le­di. 80-nji mi­nut­da oý­na soň­dan go­şu­lan Ro­nal­do owa­dan ur­gy bi­len to­pa­ry­ny öňe saý­la­dy. Ýö­ne 2 mi­nut­dan soň, 2-nji gy­zyl pe­te­gi­ni alan Ro­nal­do oýun­dan çy­ka­ryl­dy. Oňa eden et­mi­şi üçin 5 oýun­lyk je­ri­me be­ril­di. 90-njy­ mi­nut­da-da Asen­sio oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy (1–3).
3 gün soň oý­na­lan jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan mad­rid­li­ler 10-njy ge­zek Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­ny ga­zan­dy (1988–89–90–93–97, 2001–03–08–12–17). “San­tia­go Ber­na­beu­da­ky” du­şu­şy­gyň gol­la­ry­ny 4-nji mi­nut­da Asen­sio, 39-njy mi­nut­da-da Ben­ze­ma der­we­zä gi­riz­di. Bu du­şu­şyk­da “Re­al Mad­ri­diň” tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­dan to­pa­ryň esa­sy ýyl­dyz­la­ryn­dan Is­ko, Ka­se­mi­ro, Beýl da­gy­ny äti­ýaç­da oturt­dy. Şeý­le­lik­de, fran­si­ýa­ly tä­lim­çi Zi­dan “Re­al­da­ky” 7-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. 12 sa­par Su­per ku­bo­gy eýe­län “Bar­se­lo­na” 10-njy ýo­la fi­nal­da utul­dy.