Ka­na­da­nyň Mon­re­al şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Ro­jers Mas­ters” ku­bo­gyn­da erkekleriň arasynda ger­ma­ni­ýa­ly Alek­san­der Zwe­rew çem­pi­on bol­dy. 20 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi 68 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da özün­den 16 ýaş uly Ro­jer Fe­de­rer­den 6:3 we 6:4 ha­sap­la­r bi­len üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da 6-njy çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol şu ýy­lyň do­wa­myn­da “Rim Mas­ters” ýa­ry­şyn­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. As­ly rus bo­lan Zwe­rew ýa­rym fi­nal­da 18 ýa­şyn­da­ky ka­na­da­ly De­nis Şa­po­wa­low­dan üs­tün çyk­dy. Şapowalow bol­sa, 3-nji tap­gyr­da Ra­fa­el Na­da­ly ýe­ňip, hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­di. Şunlukda, Zwe­rew 2007-nji ýyl­dan bä­ri öň­dä­ki 4 ten­nis­çi Na­dal, Jo­ko­wiç, Fe­de­rer we Mýur­reý da­gy­ny ha­sa­ba al­ma­nyň­da, bir möw­süm­de 2 “Mas­ters” ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji ra­ket­ka­çy bol­dy. Soň­ky sa­par şeý­le ba­şar­ny­gy öň­dä­ki 4 ten­nis­çi­den baş­ga ar­gen­ti­na­ly Da­wid Nal­ban­di­an gör­ke­zip­di.
“Ro­jers” ku­bo­gy­nyň To­ron­to şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýa­ry­şyn­da uk­rai­na­ly Eli­na Swi­to­li­na ýe­ňiş ga­zan­dy. 22 ýaş­ly ten­nis­çi fi­nal­da da­ni­ýa­ly Ka­ro­li­na Woz­ni­as­ki­ni 2:0 (6:4, 6:0) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Swi­to­li­na 9-njy WTA çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, olam soň­ky sa­par Zwe­rew ýa­ly “Rim Mas­ters­de” ku­bo­gy as­ma­na gö­te­rip­di. Ol şu ýyl “Du­baý Açyk­da-da” ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.