* Çem­pio­na­tyň 2-nji gü­nün­de 100 metr yl­gaw­da ýe­ke­lik­dä­ki iň soň­ky ýa­ry­şyn­da bü­rünç me­dal alyp, hem­mä­ni gy­nan­dy­ran Usain Bolt üçin to­par­la­ýyn 4×100 es­ta­fe­ta ýa­ry­şy-da şow­suz ta­mam­lan­dy. Soň­ky 100 met­ri yl­gan Bolt şi­kes alyp, pel­le­ha­na-da ýe­tip bil­me­di.
* 200 met­re yl­ga­mak­da er­kek­le­riň ara­syn­da tür­ki­ýe­li Ra­mil Gu­ly­ýew ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da al­tyn me­da­lyň eýe­si bol­dy. Tä­ze Usain Bolt diý­lip gör­ke­zil­ýän Gü­nor­ta af­ri­ka­ly Waý­de wan Ni­ke­rik 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Bu ugur­da ze­nan­lar­dan gol­lan­di­ýa­ly Daf­ne Skip­pers hem­me­den öňür­ti pel­le­ha­na­dan geç­me­gi ba­şar­dy. 100 metr­de bol­şy ýa­ly Kot-d’iwuar­ly Ma­rie-Žo­si Ta Lau 2-nji or­ny eýe­le­di.
* Soň­ky ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şan Mo Fa­rah 10000 metr yl­gaw­da al­tyn me­dal ala­nam bol­sa, oňa 5000 metr­de şol üstünligini gaý­ta­la­mak ba­şart­ma­dy. 11 ýyl­dan soň, il­kin­ji ýo­la kü­müş me­dal alan Mo Fa­rah efio­pi­ýa­ly Muk­tar Ed­ris­den yza gal­dy.
* 50 ki­lo­metr ýö­riş bäs­le­şi­gin­de 39 ýa­şyn­da­ky fran­suz tür­ge­ni Ýo­han Di­niz ýe­ňi­ji bol­dy. Ol Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da çem­pi­on bo­lan iň ýa­şu­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy ady­ny eýe­le­di. Di­niz çem­pio­na­tyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Bu ugur­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da il­kin­ji ge­zek ýa­ryş ge­çi­ri­lip, por­tu­ga­li­ýa­ly In­ýes Hen­ri­kes dün­ýä re­kor­dy bi­len çem­pi­on­ly­ga my­na­syp bol­dy.
* Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky päs­gel­çi­lik­li 100 metr yl­gaw­da Lon­don–2012 Olim­pia­da­sy­nyň ýe­ňi­ji­si, awst­ra­li­ýa­ly Sal­li Pir­son 6 ýyl­dan soň, ýe­ne-de Dün­ýä çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol 2011-nji ýyl­da-da çem­pi­on bo­lup­dy.
* Be­ýik­li­gi­ne bök­mek­de er­kek­le­riň ara­syn­da ka­tar­ly Mu­taz Es­sa Bar­şim al­tyn, Ga­raş­syz ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­lar­dan rus­si­ýa­ly Da­niýl Li­sen­ko kü­müş, si­ri­ýa­ly Ma­je­ded­din Ga­zal bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da rus­si­ýa­ly Ma­ri­ýa Li­ses­ke­ne (Ku­çi­na) bas­syr 2-nji al­tyn me­da­ly­ny al­dy. Bu ugur­da 2-nji ýe­re uk­rai­na­ly ýaş ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Ýu­li­ýa Lew­çen­ko my­na­syp bol­dy.
* Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky 4×100 we 4×400 metr es­ta­fe­ta ýa­ryş­la­ry­nyň 2-sin­de-de ame­ri­ka­ly tür­gen­ler ýe­ňiş ga­zan­dy. Er­kek­ler­de 4×100 metr­de ýer eýe­si Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 4×400 metr­de-de Tri­ni­dad we To­ba­go çem­pi­on bol­dy.