Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji bäs­le­şi­gi Awst­ri­ýa­da ge­çi­ril­di. Spil­berg şä­he­rin­dä­ki 4,3 ki­lo­metr­lik “Red Bull” tras­sa­syn­da gu­ra­lan ýa­ryş­da “Du­ka­ti” to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si And­rea Do­wi­zio­so ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 28 aý­la­wy 39 mi­nut 43,323 se­kunt­da ta­mam­lap, bu ýyl­ky 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 5-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Do­wi­zio­so­dan 0,176 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen Mark Mar­kes 2-nji ýe­ri eýe­le­di. “Rep­sol Hon­da­nyň” is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si bäs­le­şi­ge il­kin­ji ha­tar­dan baş­lap, ol so­ňu­na çen­li ýi­ti gö­reş alyp bar­dy. Ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­sin­den 2,661 se­kunt yza ga­lan “Rep­sol Hon­da­nyň” baş­ga bir is­pan pi­lo­ty Da­ni Ped­ro­sa 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Awst­ri­ýa “Gran Pri­sin­den” soň utu­gy­ny 158-e ýe­ti­ren Do­wi­zio­so sa­na­wyň li­de­ri Mar­kes bi­len utuk ara­ta­pa­wu­dyny 16-a dü­şür­di. 3-nji ha­tar­da 150 utuk­ly Ma­we­rik Win­ýa­les bar­ýar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 27-nji aw­gust­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.