23-nji awgustda Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň 18-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem sazlaşykly ösýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Häzir gallaçy kärendeçiler üçin möhüm möwsüm başlandy. Döwlet Baştutanymyz geljekki bol hasylyň girewi bolan bu möhüm möwsümiň ýokary hilli, bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz “Ýere sepen her bir dänäňiz müň bolsun!” diýip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.
Asylly däbe görä, Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny eçilmegini dileg edip, bugdaý ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Kada laýyk derejede taýýarlanylan topraga “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, ilkinji däneleri taşlap, hormatly ýaşulular we körpe nesiller asylly çäräni tamamlap, nobaty mehanizatorlara berdiler.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça 760 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçylar 2018-nji ýylda şunça meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna ak bugdaý ýygnalar.
Şu ýyl ak bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko”, “Krupinka” ýaly görnüşleri ekiler.
Gallaçylar zerur bolan oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, tutuş Türkmenistan boýunça bu gezekki möwsümde “Keýs”, “Klaas”, “Jon Dir”, “Belarus-80N” we “Belarus-82.1” kysymly sürüm traktorlarynyň 2 müňden gowragy hem-de hatarara bejergi traktorlarynyň 5 müňüsi, ekiş gurallarynyň 1670-den gowragy hem-de beýleki agregatlar we enjamlar ulanylar.