Şu ýy­lyň 23-nji aw­gus­tyn­da Hy­taý­da 24-nji hal­ka­ra Pe­kin ki­tap ýar­mar­ka­sy öz işi­ne baş­la­dy. 27-nji aw­gus­ta çen­li do­wam ed­ýän iri hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň 89 ýur­dun­dan 2500-den gow­rak ne­şir­ýat eda­ra­la­ry gat­naş­ýar. Gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da Hy­ta­ýyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän “Bir zo­lak-bir ugur” (Ýü­pek ýo­lu­nyň yk­dy­sa­dy zo­la­gy) tas­la­ma­sy­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän 28 ýurt­dan we­kil­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ki­tap ýar­mar­ka­sy­na hor­mat­ly myh­ma­n hök­mün­de çagyryldy.
Bu çä­rä­niň gu­ra­ma­çy­lary bo­lup, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ne­şir­ýat, te­lera­dio ýaý­lym­la­ry we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa baradaky baş döw­let eda­ra­sy hem-de Pe­kin şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi çy­kyş ed­ýär. Bu ge­zek­ki ki­tap ser­gi­sin­de 300 müň­den gow­rak tä­ze ki­tap halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­len­di. Hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ýan da­şa­ry ýurt­ly ne­şir­ýat eda­ra­la­ry­nyň pa­ýy 58 gö­te­ri­me deň­dir. Hy­ta­ýyň iri çap­ha­na­la­ry “Bir zo­lak – bir ugur” tas­la­ma­sy bo­ýun­ça taý­ýar­lan ki­tap­la­ryny ta­nyş­dyr­dy.