Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, alnyp barylýan giň möçberli işler paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegini we onuň dünýäniň iň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şertleriň döredilýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkitmegini üpjün edýär. Şunlukda, ýurdumyzyň baş şäheri we onuň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar özüniň döwrebaplygy, özboluşly binagärlik çözgüdi we bezeg aýratynlyklary bilen halkara derejesinde ykrar edilýär.
Muňa ýaňy-ýakynda Olimpiýa şäherçesiniň birbada iki desgasynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi barada gelip gowşan hoş habar hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär.
“Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi.
2017-nji ýylyň 6-njy martynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girmezinden öň, göwrümlerini bellige almak maksady bilen geçirilen ölçeglere görä, bedewiň çeper şekiliniň beýikligi – 40,05 metr ( 131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy – 37,69 metr (123 fut 7,9 dýuým) we ini – 40,24 metr (123 fut 0,6 dýuým) bolup durýar.
Dünýäde iň uly üsti ýapyk görnüşli suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezi degişli şahadatnama eýe boldy. Bu suw toplumynda sportuň suwda ýüzmek we suwa bökmek görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara birwagtda 5 müň adam tomaşa edip biler. Suw toplumynyň diwarlarynda dürli meýdanly dört howuz ýerleşdirilen. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde geçiren ölçeglerine laýyklykda, toplumyň howuzlarynyň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) barabar boldy. Täze suw toplumynyň düzümine sport terapiýa meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, türgenler üçin egin-eşik çalşylýan we dynç alynýan otaglar, ilkinji lukmançylyk kömek nokady girýär.
Umuman, Aziýa yklymynyň iri sport ýaryşlarynyň birini kabul etmäge taýýarlyk görýän paýtagtymyz Aşgabat rekordlaryň şäheri hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň göwheri, Aşgabat – onuň merjen şäheri.
Ýeri gelende aýtsak, ägirt uly “Altyn asyr” halysy, 2008-nji ýylyň iýun aýynda Baýdak sütüni, 2010-njy ýylyň awgust aýynda Oguz han suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyna girýän Oguz hanyň ýyldyzynyň iň uly binagärlik ýyldyzy hökmünde, 2012-nji ýylyň maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, 2013-nji ýylyň maý aýynda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň sentýabrynda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Aşgabadyň täze Halkara howa menzili “Iň uly göl” adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherindäki “Ak öý” binasynyň açylyşynda 4 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda ägirt uly baýramçylyk dabarasy boldy. Olar bilelikde hormatly Prezidentimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.