Bar­ha go­laý­lap gel­ýän ägirt uly ta­ry­hy wa­ka­nyň– “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň at-owa­zasy dün­ýä ýaň sal­ýar. 17-27-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nyp, hal­ka­ra žur­nal­la­ryn­da ýö­ri­te san­lar çap edil­ýär, yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy­nyň işe­wür hyz­mat­daş­la­ry­nyň ge­ri­mi gi­ňe­ýär. “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň res­mi hyz­mat­daş­la­ry­nyň sa­ny gün-gün­den art­ýar.

Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ýur­du­my­zyň “Türk­men ak ýol” kom­pa­ni­ýa­sy “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň ýe­ne-de bir res­mi he­ma­ýat­kä­ri bol­dy. Bu kom­pa­ni­ýa ýük­le­ri da­şa­mak hem-de dür­li se­na­gat pu­dak­la­ry bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn lo­gis­ti­ka ýa­ly hyz­mat­la­ryň köp gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýän tej­ri­be­li işe­wür hyz­mat­daş hök­mün­de meş­hur­dyr.
Mun­dan baş­ga-da, Aşgabat Aziadasyna taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti “Atos” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na res­mi hyz­mat­daş hök­mün­de go­şul­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len yg­lan et­di. “Atos” kom­pa­ni­ýa­sy tas­la­ma­ny do­lan­dyr­mak we akk­re­di­ta­si­ýa, sport, myh­man­la­ry ýer­leş­dir­mek, ulag hyz­mat­la­ry, ýa­ryş­la­ryň ne­ti­je­ler we ha­bar­lar gul­lu­gy ýa­ly “Aş­ga­bat 2017”-niň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça oýun­la­ry do­lan­dyr­ma­gyň ul­ga­my bi­len bag­ly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
“Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryny tu­tuş dün­ýä­de wa­gyz et­mek ba­bat­da­ky giň geirm­li iş­ler do­wam ed­ýär. Ýur­du­myz­da­ky iri sport ýa­ry­şy­na ba­gyş­la­nyp, da­şa­ry ýurt­la­ryň žurna­lla­ryn­da ýö­ri­te san­lar çap edil­ýär. Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça şu ýy­lyň güý­zün­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek «Aşgabat 2017» oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nan be­zeg­li žur­nal ne­şir edil­di.
Ýe­re­wa­nyň “Tig­ran Mes” ne­şir­ýa­tyn­da iň­lis di­lin­de çap edi­len bu ýy­gyn­dy­da ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de “Aş­ga­bat 2017”-niň oýun­la­ry ha­kyn­da çap edi­len mag­lu­mat­lar we gi­ňiş­le­ýin ma­ka­la­lar ýer­leş­di­ril­di.
Şeý­le hem Pe­kin­de “Lo­ok­wee” žur­na­ly­nyň “Aş­ga­bat 2017“ oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nan ýö­ri­te sa­ny çap­dan çyk­dy. Iň­lis di­lin­de ne­şir edil­ýän žur­na­lyň te­ma­ti­ki sa­ny “TDH” agent­li­gi­niň we “Aş­ga­bat 2017“ oýun­la­ry­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň mag­lu­mat taý­dan gol­daw ber­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da­ky Il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy.
Da­şa­ry ýurt­lar­da çap edi­len ne­şir­ler­de di­ňe bir “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry däl, eý­sem, türk­men hal­ky­nyň me­de­ni­ýe­ti we däp-des­sur­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy we hal­ka­ra dur­mu­şy­na de­giş­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň keş­bi­ni öz­ger­den hem-de onuň ab­ra­ýy­ny tä­ze de­re­jä çy­ka­ran oňyn öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da gür­rüň ber­ýän ma­ka­la­lar hem bar.