Günorta Koreýanyň dünýä belli “Samsung” korporasiýasy ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde täze öndüren “Galaxy Note 8” telefonyny tanyşdyrdy. Ol ykjam aragatnaşyk telefon bazarynyň iň garaşylýan smartfonlarynyň biri boldy. Täze telefon daş keşbi boýunça ozalky “Galaxy S8 Plusy” ýada salýar. Ýöne käbir aýratynlyklary babatda ondan düýpli tapawutlanýar.
“Galaxy Note 8”-iň agramy 199 gram bolup, “Galaxy S8 Plus”-dan 22 gram agyrdyr. Täze telefon 12 megapiksel hem-de 8 megapiksel kamerasy bilen enjamlaşdyrylan. Onuň operatiw ýady 6 gigabaýta deňdir, ýöne ony 64, 128 hem-de 256 gigabaýta çenli artdyrmaga mümkinçilik bar. Ol “Android 7.1.1.” ulgamy arkaly işleýär.
“Galaxy Note 8” sentýabr aýynyň ortalarynda köpçülikleýin satuwa çykarylar. “Galaxy Note 7” geçen ýylyň awgust aýynda satuwa çykarylypdy.