Saglygyň bolan ýerinde şatlyk, dyňzap duran hyjuw we ýanbermez duýgularyň joşguny kalbyňy eýeleýär. Jany tut ýaly sagat ynsanyň ukyp-başarnygy, tutanýerliligi, ýaşaýşa bolan söýgüsi kalbynda gaýnap-joşýar. Şeýle ruhubelent adamyň başyna baran işi-de rowaç alýar. Soňky ýyllarda raýatlarymyzyň saglygy, olaryň rahat hem-de bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda birnäçe sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Ol ýere diňe bir sport bäsleşiklerine gatnaşýan türgenlerimiz däl, eýsem, Diýarymyzda islendik ugurda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar, hatda hormatly dynç alşa çykan pensionerlerimiz hem türgenleşik geçmäge barýarlar. Şeýle gatnawly sport merkezleriniň biri-de paýtagtymyzda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport toplumydyr.
Ýene-de sanlyja günden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berler. Häzirki wagtda Aşgabat Aziadasyna ykjam taýýarlyk görýän türgenlerimiz bu ýere yhlasly gatnap, ykjam taýýarlyk görýärler. “Bagtyýarlyk” sport toplumynda türgenleşik geçýän türgenleriň biri hem tennis boýunça ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony Nastýa Prinkodyr. Ol bu ýerde diňe bir türgenleşik geçmän, tälimçi bolup hem hyzmat edýär. Şeýle-de “Aşgabat 2017”-ä gatnaşjak kikboksçylar, taýboksçylar, basketbol ýygyndymyz hem bu ýerde türgenleşik geçýärler.
Toplumda sportuň kiçi futbol, basketbol, uly tennis, suwda ýüzmek, ýoga, stol tennisi, umuman, sportuň dürli ugry boýunça türgenleşik zallary hereket edýär. Toplumda paýtagtymyz boýunça çagalara dynç almak üçin niýetlenen ýeke-täk akwapark hereket edýär. Ol ýere çagajyklar örän höwesli gelýärler, wagtlaryny diýseň gyzykly hem şadyýan geçirýärler.
Sport toplumyna gatnaýan ýaşlar kiçi futbola we suwda ýüzmäge, uly ýaşlylar bolsa, ýoga has höwesli gatnaýarlar. Has kiçi ýaşly çagalar bolsa, akwaparkda oýnamagy halaýarlar.
“Bagtyýarlyk” sport toplumynda hereket edýän ýoga merkezine gatnaýanlar 7 topara bölünip, hepdäniň 2, 4, 6-njy günleri 9-dan 12-ä we 17-den 21-e çenli türgenleşik geçýärler. Häzirki wagtda topluma ýoga ugry boýunça saglyklaryny berkitmäge gelýänleriň sany müňe golaýlady. Olara Hindistandan gelen ýoga boýunça hünärmen Panigrahi sapak berýär. Aslynda, bedene dynç berip, belli bir kada görä, türgenleşik geçmek saglygyň üçin has gowy netije berýär.
Toplumyň meýdançasynda “Peýkam” kafesi hem gelenlere hyzmat edýär. Onda türgenlerimize niýetlenen ýeňiljek ertirlikler, günortanlyk naharlary we dürli görnüşli alkogolsyz içimlikleri almaga mümkinçilik döredilendir.
Toplumda döredilen amatlyklardan ruhlanyp, türgenleriň özlerem bu ýere höwesli gelýärler. Toplumda yzygiderli türgenleşik geçýän türgenlere höweslendiriji sowgatlar gowşurylýar. Nepagadaky raýatlarymyz üçin ýoga hyzmatlary mugt ýerine ýetirilýär.