Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Sooronbaý Ženbekow şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna resmi taýdan dalaşgär hökmünde hasaba alyndy. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar gullugy habar berýär. Ýurduň hökümet başlygy iň ýokary döwlet wezipesine dalaş edýändigi üçin Premýer-ministr wezipesini meýletin tabşyrmaly bolýar. Sooronbaý Ženbekow ýurduň iri syýasy partiýasy hasaplanýan Sosial-demokratik partiýasyndan dalaşgärlige hödürlendi.
Gyrgyz Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan saýlawlar 15-nji oktýabrda geçiriler. Ol ýurduň şu wagtky Prezidenti Almazbek Atambaýewiň wezipe möhletiniň tamamlanýandygy üçin guralýar. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet baştutany bir gezek 6 ýyllyk möhlete saýlanýar. Nobatdaky saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek çäresi 1-nji awgustda tamamlandy. Ilkibaşda, ýurduň Merkezi saýlaw toparyna 59 dalaşgär ýüz tutdy, olaryň sany häzirki wagtda 50-ä çenli azaldyldy.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, häzire çenli 2 adama dalaşgärlik şahadatnamasy berildi. Olaryň ikisem ozalky hökümet baştutanlary: “Ak-Şumkar” partiýasynyň ýolbaşçysy Temir Sariýew hem-de mejlisiň deputaty we “Respublika” partiýasynyň başlygy Omurbek Babanow.
Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, hökümet baştutany prezidentlige dalaş eden halatynda, ol ygtyýarly wezipesini meýletin tabşyrmaly bolýar. Premýer-ministr Sooronbaý Ženbekow ýurduň Prezidenti Almazbek Atambaýew tarapyndan kabul edildi. Şol duşuşykda hökümet başlygynyň wezipesini tabşyrýandygy aýdyldy. Şoňa görä-de, Prezident Almazbek Atambaýew Muhammetkalyý Abulgaziýewi wagtlaýynça hökümet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde wezipä belledi.