Ten­nis bo­ýun­ça ABŞ-nyň Ohio şta­tyn­da ge­çi­ri­len “Sin­sin­na­ti Mas­ters” ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da bol­ga­ri­ýa­ly Gri­gor Di­mit­row bi­len awst­ra­li­ýa­ly Nik Kir­gi­os du­şuş­dy. Ga­ra­şyl­ma­dyk fi­na­lyň 1-nji se­tin­de 6:3, 2-nji se­tin­de-de 7:5 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Di­mit­row kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji “Mas­ters”, şeý­le-de ATP-dä­ki 7-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Iki ten­nis­çi-de “Mas­ters” ýa­ryş­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek fi­nal­da çy­kyş edip, Kir­gi­os çär­ýek fi­nal­da Ra­fa­el Na­da­ly ýe­ňip­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu ýa­ryş­dan soň, Na­dal 3 ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek ATP sa­na­wyn­da 1-nji or­na çyk­dy. Umu­my baý­rak gaz­na­sy 5,4 mil­li­on dol­lar bo­lan ýa­ry­şyň ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da is­pa­ni­ýa­ly Ga­rbinýe Mu­gu­ru­za bi­len ru­my­ni­ýa­ly Si­mo­na Ha­lep güýç sy­na­nyş­dy. Mu­gu­ru­za güýç­li gar­şy­da­şy­ny 1 sa­ga­da ýe­tir­män, 6:1 we 6:0 ha­sap­la­ry bi­len ýe­ňip, bu ýa­ryş­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Bu ýe­ňiş Mu­gu­ru­za­nyň kar­ýe­ra­syn­da­ky 5-nji WTA çem­pi­on­ly­gy bo­lup, 23 ýaş­ly ten­nis­çi şu ýyl “Wimb­le­don­da-da” ku­bo­gy as­ma­na gö­te­rip­di.