Möwsümiň 4-nji we soňky “Uly tuwulga” ýaryşy bolan “Amerika Açyk” tennis bäsleşiginiň baýrak gaznasy artdyryldy. Baýrak gaznasy geçen ýylka garanyňda, 9 göterim artdyrylan ýaryşda umumylykda 50,4 million amerikan dollary paýlanar. Şeýlelikde, tennisiň taryhynda ilkinji gezek bir ýaryşyň pul baýragy 50 million dollardan geçer. Ýekelikde çempion bolan zenandyr erkek tennisçileriň hersi aýratynlykda, 3 million 700 müň dollar alar. Bu bolsa iň abraýly “Uly tuwulga” ýaryşy hasaplanylýan “Wimbledondan” 775 müň dollar köp diýmekdir. Finalçylara-da 1 million 825 müň dollar berler. Jübütleýin ýaryşyň ýeňijileri bolsa, 675 müň dollar bilen sylaglanar we bu görkeziji “Amerika Açygyň” rekordyna deňdir. Ýaryşyň 1-nji tapgyrynda utulan tennisçilere 50 müň dollar pul gowşurylar. Şeýle-de diňe saýlama tapgyrynda 2 million 900 müň dollar paýlanar. 137-nji “Amerika Açyk” tennis ýaryşy 28-nji awgust 10-njy sentýabr aralygynda hemişekiler ýaly Nýu Ýork şäherinde geçiriler.