23-nji ap­rel – dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da mö­hüm se­ne­le­riň bi­ri­dir. 1616-njy ýy­lyň 23-nji ap­re­li Ser­wan­te­siň, Şeks­pi­riň we In­ka Gar­si­la­so de la We­ga­nyň ara­dan çy­kan gü­ni. 1995-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çen ÝU­NES­KO-nyň mas­la­ha­tyn­da ki­ta­ba we onuň aw­to­ry­na, şeý­le-de adam­za­dyň so­si­al we me­de­ni ösü­şin­de ta­pyl­gy­syz go­şant go­şan adam­la­ra hor­mat goý­ma­ga ça­gy­ryş edil­ýär. Bu mas­la­hat Bü­tin­dün­ýä ki­tap we aw­tor­lyk hu­ku­gy gü­nü­ni, şeý­le hem ça­ga­laryň we ýet­gin­jek­leriň ki­tap­la­ry­ny ýaý­rat­mak bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň baý­ra­gy­ny esas­lan­dyr­ýar.
Ki­tap baý­ram­çy­ly­gy­nyň däp-des­sur­la­ry­nyň özi Ka­ta­lo­ni­ýada dö­räp, 23-nji ap­rel­de her sa­tyn al­nan ki­tap bilen birlikde bir gül sow­gat be­ril­ýär. Däp bo­ýun­ça, aw­tor­lar, ne­şir­ýat­çy­lar, mu­gal­lym­lar, ki­tap­ha­na­çy­lar we ki­tap işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan äh­li adam­lar, şu gü­ni öz baý­ra­my ha­sap­la­ýar­lar. Ozal­dan gel­ýän dä­be gö­rä, dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da bu gün ki­tap ýar­mar­ka­la­ry we ser­gi­le­ri gu­ral­ýar.
1952-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň gu­ran mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da bü­tin­dün­ýä aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň ala­ma­ty­nyň © gi­ri­zil­me­gi ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik bo­lup, onuň do­wa­myn­da aw­tor­lyk hu­ku­gy ba­ra­da Bü­tin­dün­ýä kon­wen­si­ýa­sy ka­bul edil­di.