Şu ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň möhüm ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenen taslamalaryň ilkinjisi boldy. Ol hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, hödürlemegiň, ara alyp maslahatlaşmagyň, kabul etmegiň, bellige almagyň, herekete girizmegiň, üýtgetmegiň, hukuk namalarynyň hereketini bes etmegiň we togtatmagyň, şeýle hem olary çap etmegiň tertibini kesgitleýär.
“Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlary döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda”, “Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hödürlendi. Soňra parlamentiň garamagyna “Haýyr-sahawat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Döwletimiziň durmuş syýasatynyň we halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu kanunçylyk taslamasynda ýuridik we fiziki şahslara haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga bolan hukuk göz öňünde tutulyp, şonda haýyr-sahawatçylar meýletinlik esasynda mätäç bolanlara kömek berip bilerler.
Mundan başga-da, “Ganyň donorlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Täze Kanun gan donorlygy ýaly möhüm ugruň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlär.
“Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Muzeý we muzeý işinde döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän, Türkmenistanda muzeýleriň döredilmegini we onuň işini, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk hem-de beýleki gatnaşyklary kadalaşdyrýan, şeýle hem muzeýlere gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän bu Kanunyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Deputatlar “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlediler hem-de pagtanyň, pagta önümleriniň dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrdylar.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň “Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir kararlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldaw tapdy we olar kabul edildi.