Ga­dy­my türk­men top­ra­gy­na mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my ýe­tip gel­di. Bu ýyl ol 2-3-4-nji sent­ýab­ra ga­bat gel­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men hal­ky­my­zyň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met ko­dek­si­niň 81-nji mad­da­sy­nyň 2-nji bö­le­gi­ne la­ýyk­lyk­da, Gur­ban baý­ra­my­ny bel­le­mek ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di.
Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Gur­ban baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­ri bo­lan 2017-nji ýy­lyň 2-nji, 3-nji, 4-nji sent­ýab­ry iş gü­ni däl di­ý­lip, yg­lan edil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Per­ma­ny bi­len 2017-nji ýy­lyň 3-nji sent­ýab­ryn­da­ky ýek­şen­be gü­ni 5-nji sent­ýab­ra-si­şen­be gü­nü­ne ge­çi­ril­di.
Ga­dym­dan gel­ýän dä­be la­ýyk­lyk­da, Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji gü­nünde irden ýur­du­my­zyň äh­li met­jit­le­rin­de Baý­ram na­ma­zy okal­ýar. Ol hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we yla­la­şy­gy­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň bel­leý­şi ýa­ly, Gur­ban baý­ra­my adam­za­dyň pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan, halk­la­ry dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na alyp bar­ýan aja­ýyp baý­ram­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len bu baý­ra­ma ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­ýan, dö­red­ýän, gur­ýan merdana hal­ky­myz be­lent sar­pa goý­ýar.
Şu ýyl, Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da Gur­ban baý­ra­mynyň Azi­ýa yk­ly­my­nyň iň iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň öň ýa­nyn­da bel­len­ýän­di­gi buý­sanç­ly­dyr.
Gur­ban baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ýur­du­myz­dan 160 zy­ýa­rat­çy haj par­zy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na ug­ra­dyl­dy. Mu­nuň özi hä­zir­ki döw­rü­mi­ziň di­ňe bir be­lent ru­ha bes­le­nen­di­gi­ne däl, eý­sem, umu­ma­dam­zat me­de­ni, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryň hem-de mil­li mu­kad­des­lik­le­riň dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi ýa­ly döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän mö­hüm iş­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Türk­me­nis­tan­da Gur­ban baý­ra­my üç gü­nüň do­wa­myn­da giň­den bel­le­nil­ýär. Şu ýyl hem bu gadymy baý­ra­ma ba­gyş­la­nyp, me­de­ni çä­re­le­riň ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Äh­li ýer­de aý­dym-saz ýaň­la­nar. Aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gyň şa­ny­na adam­lar bi­ri-bi­ri­niň öýü­ne, ýa­kyn­la­ry­na, dost-ýar­la­ry­na, goň­şu­la­ry­na myh­man­çy­ly­ga ba­rar­lar, be­re­ket­li sa­çak­lar giň­den ýa­zy­lar we sadakalar berler. Hem­me­ler bi­rek-bi­re­ge “Gur­ban­ly­gy­ňyz ka­bul bol­sun!” di­ýip, di­leg eder­ler.
Türk­men hal­ky­nyň ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýa­şaý­şyň üýt­gew­siz ru­hy esas­la­ry­ny düz­ýän hoş­ni­ýet­li­li­giň, re­him­dar­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­giň aý­dyň ala­ma­ty­dyr. Gur­ban­ly­gy­ňyz ka­bul bol­sun!