Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Kuweýt döwletinden hoş habar gelipdi. Şol ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan döwletimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Bu waka tutuş dünýäde, Aziýa yklymynda uly seslenme döredip, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol wakanyň üstünden geçen 7 ýylyň dowamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda merdana türkmen halky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlandy we geçen ýyllar, aýlar we günler ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Ine, indi bolsa, şol irginsiz çekilen zähmetiň hözirini görmek gezegi gelip ýetdi. Ýene-de sanlyja günden, has takygy, 8 günden Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň ökde türgenleri Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap sport desgalarynda özleriniň sport ugrundaky gujur-gaýratyny görkezip, baýrakly orunlar üçin bäsleşerler.
Öňde duran sanlyja günler bizi yklymyň iri sport ýaryşy bolan “Aşgabat 2017” oýunlaryna golaýlaşdyrýar. Aziýanyň iri sport baýramyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi. Milli Liderimiziň ak pata bermeginde Mary welaýatynda ýerleşýän we dünýäniň iri gaz känleriniň biri bolup durýan “Galkynyş” gaz käninde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawy ýakyldy.
Milli Liderimiz şol gün Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda türkmen türgenleri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara möçberinde bu oýunlaryň taryhy ähmiýetini belledi. Ýedi ýyl öň, Türkmenistan döwletimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Elbetde, geçen şu döwrüň her aýy, her ýyly Garaşsyz döwletimiziň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakalar bilen şöhratlandy diýip, milli Liderimiz aýtdy.
“AŞGABAT 2017” OÝUNLARYNYŇ
ALAWY ÝAKYLDY
Soňra hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň çägindäki “Galkynyş” gaz käninden teleköpri aragatnaşygy ýola goýuldy. Teleköpri arkaly Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary G.Aýlyýew hormatly Prezidentimize alawyň ýakylmagyna ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz watandaşlarymyzyň ählisine ýüzlenip, ýagtylygyň, ýaşaýşyň gözbaşynyň alamaty hökmünde uly mana eýedigini nygtady. Biz halkymyzyň asylly ýörelgesinden ugur alyp, ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly “Galkynyş” gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Nesip bolsa, ýene-de sanlyja günlerden V Aziýa oýunlarynyň alawy – Garaşsyz Watanymyzyň iri gaz ojagynyň ataşy paýtagtymyz Aşgabat şäherine gelip ýeter. Alawyň ýakylan güni mähriban halkymyzda ýokary watançylyk ruhuny döredýän, eziz Watanymyza beýik söýgini terbiýeleýän şanly wakadyr.
Bu waka V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlygymyzda aýgytly ädimdir, ol merdana halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň, parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de dostlugynyň hakyky nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu möhüm waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu dabaraly pursatlarda V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmaga ak pata berdi.
Teleköpri arkaly Mary welaýatynda ýaýbaňlandyrylan dabara syn etmek bolýar. Şol ýerde “Galkynyş” ojagynyň golaýynda gadymy obany ýatladýan köp sanly ak öýler dikildi.
Gadymy aýdymlary ýerine ýetirýän bagşylar hem-de sazandalar, senetçi-ussalar, çarwadarlar, ortada güýç synanyşýan pälwanlar baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdylar. Ak öýleriň golaýynda ägirt uly sport meýdançasy döredildi, şol ýerde ýaş türgenler çykyş edip, V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň ähli görnüşleri, şol sanda konkur boýunça ussatlyklaryny görkezýärler. Konkur üçin päsgelçilikli aýratyn ýodajyk göz öňünde tutulypdyr.
Ýigitler ajaýyp bedewlerde taýýar bolup durlar. Mergen ýigit ýaýyň peýkamyny asmana – Güne tarap gönükdirip, ýaýy atýar. Şu ýerde täsin pursat ýüze çykýar. Mawy asmanda nur saçyp duran Gün şöhleleri peýkamyň ujunda uçgun döredýär. Gün nurundan ot alan peýkam asmandan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär.
Ojakdaky ojar tutaşyp, ataş ýanyp başlaýar. Ojakda lowurdap ýanýan ataşdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawy energiýanyň ägirt uly gorunyň ýerleşen ýerinde ýakyldy. “Galkynyş” ojagy – munuň özi biziň umumymilli Öýümiziň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özboluşly ojagydyr!
Ýola düşen alawly 17 ýigidi Oguz han: “Goý, bu oguzlar ojagynyň alawynyň şuglasy ýer ýüzüne ýaýrasyn! Goý, ol alawyň ýylysy ýakyn-u- ýat, ulus-illeriň kalbyna mähir bolup çaýylsyn! Oguz kowumlary, türkmen illeri eziz Arkadagy bilen dowamat dowam bolsun!” diýen arzuwlar bilen ugradýar.
Atly ýigitleri hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýola salýar. Olar ýigitlerimize ak ýol arzuw edip, ýüzärlik ýakýarlar hem-de mekge patraklaryny seçýärler.
MILLI LIDERIMIZ TÜRGENLERIMIZE
ŞOWLULYK ARZUW ETDI
Teleköpri tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnanan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalaryna ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki dabaraly duşuşygyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 10 gün galmagy mynasybetli geçirilýändigini belläp, biziň türgenlerimize “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygary bilen geçiriljek V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi hem-de örän oňat netijeleri gazanmagy arzuw etdi.
Milli Liderimiz halkara sport baýramçylygyna öwrüljek V Aziýa oýunlarynda Garaşsyz ýurdumyzyň türgenleriniň watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň asylly nusgasyny görkezip, Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Sport gaýratlylygy, çydamlylygy, gaýduwsyzlygy, sabyrlylygy, adalatlylygy, hoşniýetliligi hem-de belent ynsanperwerligi terbiýeleýän ajaýyp sungatdyr. Adamzadyň bu ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän her bir ynsan uly sarpa mynasypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Halkara sport ýaryşlarynda mynasyp wekilçilik etmek hem-de öz ýurduň sport abraýyny täze, belent derejelere götermek her bir türgen üçin mukaddes borçdur diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky taryhy çözgüdi Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş kadalary dünýä medeniýetiniň örän möhüm hem-de gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatlyklar her bir döwletiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, gözel paýtagtymyz Aşgabatda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan, sebitde deňsiz-taýsyz döwrebap Olimpiýa şäherçesi guruldy. Geçirilen bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamaga doly mümkinçilik berýär.
Nesip bolsa, biz ýene-de sanlyja günlerden Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy toparynyň gatnaşjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dabaraly ýagdaýda badalga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Garaşsyz Türkmenistan 2017-nji ýylyň tylla güýzüni merdana halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara we uly baýramçylyga beslejek V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlykly barýar. Biz bu ugurda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde, giň gerimli işleri hem-de dürli çäreleri geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip: “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň hem-de sagdynlygyň gözbaşydyr, ynsany belent sepgitlere ruhlandyrýan egsilmez güýçdür” diýip belledi.
Biziň sport ussatlarymyz we türgenlerimiz gujur-gaýratyny hem-de başarnygyny görkezip, halkara we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. Bu bolsa, mähriban Watanymyza bolan söýgimizi we buýsanjymyzy artdyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkidýär.
Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerine oýunlarda öz başarnyklaryny hem-de ussatlyklaryny, watansöýüjiligini görkezip, iň köpsanly medala mynasyp bolmagyny arzuw etdi.
Soňra ýurdumyzyň türgenleriniň adyndan meşhur türgenler – sambo boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Gülbadam Babamuratowa hem-de türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Rejebaly Orazalyýew çykyş etdiler.
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ
DESGALARY ÝOKARY
SYLAGA MYNASYP BOLDY
Dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň myhmany, Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy jenap Wiktor Fenes Wakasa söz berdi. Myhman Ginnesiň rekordlar kitabyna hödürlenen degişli maglumatlaryň doly we içgin öwrenilmeginiň netijeleri barada habar berip, hormatly Prezidentimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny paýtagtymyz Aşgabadyň dünýä rekordlarynyň arasynda ýene-de bir gezek mynasyp orny eýeländigi bilen gutlady.
Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper şekili bu keşbiň esasy bölegine öwrüldi. Bu ägirt uly şekilde oýunlaryň tutuş many-mazmun babatdaky taglymy, Türkmenistanyň beýik maksatlara, dünýäde parahatçylyga we halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, ýaşaýyş-durmuşyň esasy gymmatlygy hökmünde sagdynlygy berkarar etmäge ymtylmasy jemlenendir.
Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp boldy. Ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden häzirki zaman tehnologiýalar esasynda gurlan dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Myhman milli Liderimize güwänamalary gowşuryp, Ginnesiň rekordlar kitabynda öz beýanyny tapan täsin Olimpiýa şäherçesiniň ýene-de köp nesillere hyzmat etjekdigini hem-de ak mermerli paýtagtyň ajaýyp ýerleriniň birine we buýsanjyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Muňa jogap edip, hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesindäki atyň keşbiniň hem-de Suw sport toplumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu waka mähriban halkymyzyň beýik maksadyň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýene-de ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ýüzlenip, şeýle diýdi:
– Garaşsyz Türkmenistan – kuwwatly döwlet. Biziň tagallalarymyz, yhlasymyz, arzyly pellehana bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimiziň sporty hem güýçli bolmalydyr.
Elbetde, şu gün berkarar Watanymyzyň senenamasyna aýgytly başlangyçlaryň senesi hökmünde ebedi ýazylar. Sebäbi V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylan güni geljekki üstünliklerimize badalga berlen taryhy gündür!
“Sport” myhmanhanasyndan çykan mahaly döwlet Baştutanymyz milli ýygyndymyzyň agzalarynyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.