Söýginiň, ylhamyň we ýaşlygyň şäheri Aşgabat giň köçeleri bilen bize gujak açýar, saýaly baglarydyr seýilgähleri bilen bagryna basýar, şadyýan gün öz mähri bilen gallap alýar. Müdimi ýaş, güneşli Aşgabat gözel binalarynyň ajap sazlaşygy bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Köçeleridir şaýollary giň, bagy-bossan, täzeden-täze meýdançaly, çüwdürimli-seýilgäh toplumly, kaşaň desgaly ak mermere bürenen şäherimiz Gündogaryň merjenidir.
Onuň başy belent binalary, asman sary ymtylýan gümmezleri bilen, Köpetdagyň etegine tarap ösýän paýtagtymyz şäherleriň gözeli.
Biz söýgüli şäherimiziň parahatçylyk söýüjiligiň, açyklygyň we myhmansöýerligiň nyşany, halkara forumlarynyň, wekilçilikli syýasy duşuşyklaryň, medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigine buýsanýarys.
Bu gün türkmen paýtagty “Aşgabat 2017“ oýunlaryna taýýarlanýar. Ol sport baýramyny toý lybasynda garşy alýar. Demir ýol menziliniň golaýyndaky meýdançada, paýtagtyň Halkara howa menzilindäki Oýunlaryň nyşany, gujurly-dostana alabaý Wepaly myhmanlary garşy alýar.
Aşgabat Aziadasynyň nyşanlary şäher bezegine sazlaşykly utgaşyp, uly möçberli sport baýramynyň şowhunyny artdyrýar, oňa türkmen paýtagty ruhubelentlik we şatlyk bilen taýýarlyk görýär. Oýunlaryň öňýany Aşgabadyň şaýollarydyr esasy köçeleri düýpli özgerdi. Olara “Aşgabat 2017“-niň nyşanlary bolan çyralar, monitorlar, diodçyraly ýazgylar, plakatlar bezeg berýär.
Paýtagtyň esasy binagärlik bezegi-sebitde deňsiz-taýsyz döwrebap köpugurly Olimpiýa şäherçesidir. Özboluşly binagärlik, täzeçillik we gurluş düzümleri, milli nyşanlardyr üýtgeşik dizaýnerçilik tilsimleri, binalaryň ýokary tehnologiýalary we guramaçylyk täzeçillikleri bilen sazlaşykly utgaşmagy ýurtda bolup geçýän özgertmeleri we diňe bir ýokary sport üstünliklerini däl, eýsem, halklaryň arasyndaky ysnyşmany berkidýär.
Türkmen jemgyýetiniň medeni ýörelgelerini, taryhy-medeni dowamatlylygyny görkezýän heýkeller toplumy-da paýtagtymyzy gaýtalanmajak görke getirýär. Dünýä belli ahalteke bedewleriniň keşbi onuň aýrylmaz bölegidir. Bedew ýyndamlygy we batly gadamy eýýamyň depginine laýyk gelýär, biziň parahatçylyga, ösüşe we milli abadançylyga ymtylyşymyzy beýan edýär. Hut ady rowaýata öwrülen “ganatly bedewiň“ heýkeliniň “Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk“ şygary bilen geçirilýän “Aşgabat 2017“ oýunlarynyň esasy sport meýdançasyny bezemeginiň özem simwolik häsiýete eýedir.