Türkmenistanyň paýtagtynda iri halkara sport ýaryşynyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Bu oýunlary geçirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda giň möçberli taýýarlyk işleri, şol sanda oýunlaryň myhmanlaryny we gatnaşyjylaryny ýokary derejede awtoulag serişdeleri we hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk çäreleri alnyp barylýar.
“Aşgabat 2017” oýunlaryna hyzmat etmek üçin daşary ýurtlaryň iň gowy önüm öndürijileriniň dürli awtoulaglarynyň hatarynda Germaniýanyň “BMW” kompaniýasynyň iň täze kysymly awtoulaglary hem bar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinde ýerleşýän “Sport” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada oýunlaryň geçirilýän döwründe türgenlere, myhmanlara we tomaşaçylara hyzmat etmäge niýetlenen “BMW” kysymly awtoulaglaryň sergisi guraldy.
Sergide elektrik hem-de ýangyç bilen işleýän hereketlendirijili ýeňil awtoulaglar görkezildi. Ekologiýa taýdan arassa awtoulag bolan elektrokarlaryň akkumulýatory 8 sagadyň dowamynda güýçlendirilýär, bu bolsa, awtoulaga 300 kilometre çenli ýoly geçmäge mümkinçilik berýär.
Bu ýerde hödürlenen täze ulaglaryň hatarynda “Tiz kömek” gullugy üçin niýetlenen elektromobiller hem bar. Olarda öz wagtynda we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Elektrik energiýasynda işleýän bu ulaglar daşky gurşaw üçin oňyn ekologiýa ýagdaýyny saklaýar, bu bolsa, türkmen döwletiniň tebigaty goramak syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelýär.