Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Huawei Tech. Investment Co., Limited” we “Hoş zaman” kompaniýalarynyň hem-de “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna resmi hyzmatdaşlary hökmünde goşulýandygyny buýsanç bilen yglan etdi.
“Huawei Tech. Investment Co., Limited” kompaniýasy dünýäde ykjam aragatnaşyk tehnologiýalarynyň öňdebaryjy üpjün edijileriniň biri bolup, sazlaşykly işleri alyp barmaga, innowasiýalary girizmäge çalyşýan we hyzmatdaşlyga açyk kompaniýadyr. “Huawei Tech. Investment Co., Limited” kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde 15 ýyldan bäri hereket edýär we Türkmenistanda sporty ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Kompaniýa Bütindünýä göreş federasiýasynyň, Türkmenistanyň Göreş federasiýasynyň we Türkmenistanyň Milli guşakly göreş federasiýasynyň resmi hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem bu kompaniýa “Aşgabat 2017” oýunlarynda çäräniň üstünlikli geçmegi üçin zerur bolan ykjam aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün eder.
“Hoş zaman” guşçulyk fermasy 2004-nji ýylda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen söwda etmek maksady bilen esaslandyryldy. “Hoş zaman” häzirki wagtda öz ugry boýunça sebitde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Sagdyn we ekologik taýdan arassa önüm öndürmek üçin innowasion tehnologiýalary ulanýan “Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” üçin ideal hyzmatdaş bolup durýar.
“Türkmentelekom” DEAK 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistanyň milli telearagatnaşyk kompaniýasydyr. Bu kärhana maglumat we aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesi, şol sanda öýjükli aragatnaşygy, maglumat bazasy ulgamy we internet bilen üpjün edýär.
“Aşgabat 2017”-niň resmi hyzmatdaşy hökmünde “Türkmentelekom” DEAK Oýunlary we onuň hyzmatdaş taraplarynyň internet üpjünçiligi, Wi-Fi, ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary we ykjam telefonlar üçin sim-kartlary bilen üpjün edýär.