Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna sanlyja gün galdy. Bütin dünýäniň sportsöýüjilerinde çuňňur gyzyklanmalary artdyrýan bu sport forumyny üstünlikli garşylamak ýurdumyzy toplumlaýyn esasda gurşap aldy.
Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek “Aşgabat 2017”-niň düýp mazmunynda dünýäni birleşdirjek türkmen sportunyň halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidigini älem-jahana äşgär eder.
“Aşgabat 2017”-niň oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi sagdyn nesliň kemala gelmegine, halkara derejesinde ussat türgenlerimiziň ýetişmegine, ýurtda olimpiýa hereketiniň giňden ýaýbaňlanmagyna, jemgyýetde meýletinçilik hereketiniň ösmegine, ýaşlaryň köp dil öwrenmäge höwesleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilen çäreleriň we tanyşdyrylyş hem-de mahabatlandyrmak babatda alnyp barlan işleriň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris!
Atly ýörişe badalga berildi
2016-njy ýylyň 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap aljak we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň baş meýdançasynda “Aşgabat 2017”-niň açylan gününde tamamlanjak owadan ahalteke bedewlerine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. Dabara Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen Gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda geçirildi.
Çapyksuwarlar ýoluň
ýarysyny geçdi
Atly ýörişe gatnaşýan çapyksuwarlar öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we Daşoguz sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Lebap welaýatyna gelmeginiň öňüsyrasynda “Aşgabat 2017”-niň başlanmagyna 250 günüň galmagy mynasybetli Gazojak şäheriniň häkimliginde maslahat geçirildi. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerini alamatlandyrýan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň öňünde lebaplylar bu taryhy ýörişe gatnaşýan 17 çapyksuwary uly şatlyk bilen dabaraly garşyladylar. Bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli Gazojak şäherinden 25 kilometrlikdäki giň meýdançada arzyly myhmanlar üçin baýramçylyk bezegine beslenen medeni-sport desgalary we türkmen ak öýleriniň hatary guruldy.
Şatlykly joşgun berýän sazyň, depregiň, çagalaryň şadyýan sesleriniň astynda hormatly il ýaşululary, milli lybasdaky zenanlar atlylary myhmansöýerligi we abadançylygy alamatlandyrýan duz-çörek bilen garşyladylar.
“Inspiring Ashgabat” synag ýaryşlary
Şu ýylyň 23-nji aprelinde ýurdumyzda geçiriljek “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna 150 gün galandygy mynasybetli Olimpiýa şäherçesinde “Inspiring Ashgabat” şygary bilen synag ýaryşlaryna badalga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk sport desgalaryny öz içine alýan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça ulularyň arasynda Aziýanyň çempionaty, kikboksing boýunça WAKO guramasy tarapyndan guralýan Aziýanyň çempionaty we gysga aralyga ýüzmek boýunça halkara ýaryşy aprel aýynyň 23-30-y aralygynda geçirildi. Synag ýaryşlaryny geçirmek diňe iň gowy Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin iş meýilnamanyň wajyp tapgyry bolman, eýsem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin Olimpiýa şäherçesini synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Halkara media forumy geçirildi
Şu ýylyň iýun aýynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäheriniň köpugurly stadionynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada çykyş eden tansçylaryň we medeniýet işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 100-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tomaşa etdiler. Bu çäre paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde birnäçe gün dowam eden halkara media forumyň çäginde taýýarlanyldy. Aşgabatda geçiriljek Oýunlar barada habar bermek we habar beriş serişdelerine bu Oýunlary geçirmäge ähli döwrebap desgalaryň taýýardygyny görkezmek üçin bu halkara foruma birnäçe myhmanlar çagyryldy. Žurnalistler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyñ telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 günüň galmagy mynasybetli “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media forumyna gatnaşdylar.
Welosipedli ýöriş geçirildi
Aziýa yklymynda giň gerimde geçiriljek köpugurly sport çäresiniň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli 29-njy iýulda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Şol birwagtyň özünde Oýunlara görülýän taýýarlyklaryň depgini bilen tanyşdyrmak üçin metbugat wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şol gün Aşgabadyň köçeleri diňe welosipedliler üçin açyk boldy we türkmenistanlylar welosiped sürmek mümkinçiligini elinden gidirmediler. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi hem welosipedli ýörişe gatnaşdy. Şeýle hem, bu çärä ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Ýörişden soňra hormatly Prezidentimize “Aşgabat 2017”-niň ilkinji petegi we ilkinji akkreditasiýa şahadatnamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mundan başga-da, şol gün Oýunlar üçin petek satuwlary başlandy.
Şowhunly gala konserti geçirildi
Şu ýylyň 17-nji awgustynda Merkezi Aziýada şu wagta çenli geçirilen iň uly köpugurly sport çäresine, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 günüň galmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şol gün milli Liderimiz Aşgabat şäherinde geçirilen birnäçe çärelere, ýagny Türkmen gawunynyň gününe bagyşlanan türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gawunlaryň we Aziýanyň tagamlarynyň sergisine gatnaşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz hormatly myhmanlar bilen bilelikde, sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdi. Dünýä belli britan aýdymçysy Jon Nýuman we ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary öz çykyşlary bilen konserte gatnaşyjylara lezzet berdi. Olimpiýa şäherçesinde geçirilen bu çäreler, ýurdumyzyň yklymyň iri sport ýaryşyna taýýardygyny ýene-de bir gezek tutuş dünýä görkezdi.