Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da mer­da­na türk­men hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de, uly sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şy­lan pur­sat­lar ýe­tip gel­di. Azi­ýa yk­ly­my­nyň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ba­dal­ga al­dy. Er­tir, ýa­g­ny 17-nji sent­ýabr­da ak mer­me­re bes­le­nen hem-de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň bir­nä­çe ge­zek lau­rea­ty Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki Aş­ga­bat Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler we yk­lym­la­ýyn ýa­ryş­la­ryň joş­gu­ny has-da be­len­de ga­lar. Azi­ýanyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky ta­ry­hy çöz­gü­di ata Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­dä­ki be­lent ab­ra­ýy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň be­lent dip­lo­ma­tik ab­ra­ýy­nyň hem su­but­na­ma­sy­dyr.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­jek iri sport ýa­ry­şy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy üçin Aş­ga­ba­da ýo­ka­ry we­zi­pe­li hor­mat­ly myh­man­la­ryň, döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň, gör­nük­li sy­ýa­sy iş­gär­le­riň, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şu gün­ler türk­men paý­tag­ty­na dür­li ýurt­lar­dan oýun­la­ra gat­naş­ýan we­ki­li­ýet­le­riň gel­me­gi do­wam ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gö­nü­den-gö­ni ho­wan­dar­ly­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport he­re­ke­ti iş­jeň­leş­di­ril­ýär, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­dar­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­na hem-de onuň paý­tag­ty­na gy­zyk­lan­ma­sy ägirt uly sport wa­ka­sy bi­len bag­ly­lyk­da has-da art­dy. Ol bi­ziň hal­ky­my­zyň we ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na, şeý­le hem tu­tuş Azi­ýa­nyň sport he­re­ke­ti­niň ýyl ýaz­gy­sy­na “Aş­ga­bat 2017 oýun­la­ry” di­ýen söz­ler bi­len al­tyn harp­lar­da ýa­zy­lar.
“Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 6 mü­ňe go­laý tür­gen gat­naş­ýar, olar spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şer­ler. Tak­my­nan, ýur­du­my­za 30 mü­ňe go­laý da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň ýüz­ler­çe­si­niň ge­lip baş­la­ma­gy ata Wa­ta­ny­my­zyň yk­lym­la­ýyn ýa­ry­şa taý­ýar­dy­gy­nyň no­bat­da­ky ge­zek su­but­na­ma­sy­dyr.

BAÝ­DAK­LAR BE­LENT­DE
PA­SYR­DA­ÝAR
Iri göw­rüm­li sport çä­re­le­ri­niň baş­lan­ýan­dy­gy­ny buş­la­ýan da­ba­ra ge­çi­ril­di. Ol hem ýer eýe­si Türk­me­nis­ta­nyň, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň hem-de oýun­la­ra gat­naş­ýan döw­let­le­riň baý­dak­la­ry­nyň be­len­de gal­dy­ryl­ma­gy­dyr. Möç­be­ri hem-de en­jam­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si bo­ýun­ça se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny we Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­da­gy­ny gal­dyr­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Öz­bo­luş­ly ma­ny-maz­mu­na bes­le­nen san­la­ryň saz­la­şy­gy bu da­ba­ra­nyň çuň­ňur äh­mi­ýe­ti­ni ala­mat­lan­dyr­dy: baý­dak­la­ry gal­dyr­mak da­ba­ra­sy 17 sa­gat 17 mi­nut­da hem-de 777 tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy­nyň gi­riş sö­zi bi­len açyl­dy, on­da “Sag­dyn­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk.” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän oýun­la­ryň ägirt uly äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy­nyň owa­zy as­tyn­da ýur­du­my­zyň Döw­let baý­da­gy, soň­ra Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­da­gy gal­dy­ryl­dy. Be­lent­de pa­syr­da­ýan ýa­şyl türk­men Tu­gy hem-de Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ak baý­da­gy Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň hem-de ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­çy­la­ryň, iş­gär­le­riň we teh­ni­ki gul­luk­la­ryň “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na – şu hep­dä­niň ahy­ryn­da ba­dal­ga al­ýan 10 gün­lük köp­çü­lik­le­ýin sport we baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ma­ra­fo­ny­na taý­ýar­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Şeý­le hem baý­dak meý­dan­ça­syn­da Oýun­la­ra gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry gal­dy­ryl­dy.

ÄH­LI ÝOL­LAR
AŞ­GA­BA­DA UZA­ÝAR
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­ni uly ru­hu­be­lent­lik gur­şap al­dy. Azi­ýa­nyň we Okea­ni­ýa­nyň ýurt­la­ryn­dan tür­gen­ler, tä­lim­çi­ler, ga­ly­ber­se-de jan­kö­ýer­ler ýur­du­my­za gel­ýär. Ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da öç­me­jek yz goý­jak Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ba­dal­ga al­ma­gy üçin äh­li zat taý­ýar edil­di. Meý­le­tin­çi­ler öz orun­la­ryn­da işi­ni ýo­la goý­du­lar.
Haý­ran gal­dy­ry­jy Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän we soň­ky teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len aja­ýyp des­ga­la­ry we inf­rast­ruk­tu­ra­sy ýat­dan çyk­ma­jak sport çä­re­si­niň bin­ýa­dy bo­lar.
“Il­kin­ji ýyl­dyz­lar” ady bi­len ta­nal­ýan meý­le­tin­çi­ler Oýun­la­ryň ýü­zi bo­lup, şeý­le-de olar “Aş­ga­bat 2017”-niň üs­tün­lik­li geç­me­gin­de uly or­ny eýe­lär we öz hal­ky­ny buý­san­dy­rar. In­di bol­sa çy­kyş et­mek no­ba­ty tür­gen­le­re be­ril­ýär we ola­ryň hem­me­le­ri gal­kyn­dyr­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň “Aş­ga­bat 2017”-ä taý­ýar­lyk gör­me­gi­niň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lan ägirt uly tas­la­ma­la­ryň bi­ri hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da oýun­la­ryň baş­lan­ma­gy­na la­ýyk bir ýyl ga­lan­da ulan­ma­ga ber­len Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­len myh­man­lar Aş­ga­bat ba­ra­da­ky öz­le­ri­niň il­kin­ji tä­sir­le­ri­ni paý­laş­ma­ga how­lug­ýar­lar.
Ha­ky­kat­dan-da, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri örän aja­ýyp keş­be gir­di. Äh­li ýer­de ýa­kyn­la­şyp gel­ýän uly baý­ram­çy­ly­gyň ru­hy du­ýul­ýar – şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li be­ze­len kö­çe­ler­de we meý­dan­ça­lar­da, gül­zar­ly­ga bes­le­nen kün­jek­ler­de, oýun­la­ryň ny­şan­la­ry şe­kil­len­di­ri­len su­rat­lar­da, uly göw­rüm­li mo­ni­tor­lar­da gör­ke­zil­ýän sport wi­deo-gör­nüş­le­rin­de hem-de We­pa­ly­nyň heý­kel­le­rin­de şat­lyk ala­mat­la­ry äş­gär du­ýul­ýar.
“AŞ­GA­BAT 2017” – YK­LY­MYŇ
SPORT TA­RY­HYN­DA
TÄ­ZE SA­HY­PA­NY AÇ­ÝAR
Türk­men paý­tag­ty se­bit­de il­kin­ji bo­lup Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ka­bul eder. “Sag­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni wa­gyz et­mek, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça mil­li äh­mi­ýet­li uly tas­la­ma bol­dy. “Aş­ga­bat 2017” se­bit­de go­şu­lyş­ma­gyň we yk­ly­myň sport ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa aç­ýar.
17-nji sent­ýabr­da baş­lan­ýan ýa­ry­şyň uly möç­ber­li­di­gi­ne şu­lar hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Okea­ni­ýa ýurt­la­ry il­kin­ji ge­zek Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şar­lar, oňa gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny 64-e ýet­di. Oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na Türk­men Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len mil­li gö­reş we at­çy­lyk spor­tu­nyň gy­zyk­ly gör­nü­şi bo­lan kon­kur go­şul­dy.
Aş­ga­bat­da se­bit­de iň uly kö­pu­gur­ly we döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan sport top­lu­my – spor­tyň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin şert­ler dö­re­di­len dür­li äh­mi­ýet­li bi­na­la­ryň köp san­ly­sy­ny özün­de jem­le­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si gu­rul­dy. Il­kin­ji ge­zek Oýun­lar­dan öň 500 gün­lük at­ly ýö­riş ge­çi­ri­lip, ol ýur­duň ta­ry­hy-me­de­ni we te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, türk­men hal­ky­nyň mil­li däp-des­sur­la­ry we ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Il­kin­ji ge­zek köp ugur­ly sport top­lu­myn­da ýe­ke rels­li – mo­no­rels esa­sy ulag se­riş­de­si bol­dy.
Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň esa­sy bi­na­sy be­lent­li­gi 50 met­re go­laý we meý­da­ny 145 müň ine­dör­dül metr bo­lan 45 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen sta­di­on­dyr. Beý­le­ki bi­na­la­ryň ara­syn­da sö­weş sun­ga­ty, taýbok­sy we kik­bok­sing, agyr at­le­ti­ka üçin meý­dan­ça­lar, spor­tuň suw­da oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri top­lu­my, açyk how­dan, ýa­pyk we­lot­rek, ýe­ňil at­le­ti­ka top­lu­my, kö­pu­gur­ly sport top­lu­my, açyk we ýa­pyk ten­nis meý­dan­ça­la­ry, tür­gen­le­şik zal­la­ry, spor­tuň oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri üçin we at­çy­lyk spor­ty top­lu­my, tre­naž­ýor zal­la­ry bar. Sport we­ki­li­ýet­le­ri­niň ýa­şa­ma­gy üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my, “Sport” we “Olim­pi­ýa” myh­man­ha­na­la­ry, te­le­ke­çi­lik we me­de­ni-dynç alyş mer­kez­le­ri, luk­man­çy­lyk-di­kel­diş we me­dia mer­kez­le­ri, köp gat­ly aw­to­du­ral­ga­lar gu­rul­dy, onuň daş-tö­we­re­gi aba­dan­laş­dy­ryl­dy. Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň sport top­lum­la­ryn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra sy­nag ýa­ryş­la­ry bi­na­la­ryň äh­li­si­niň, ola­ryň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­riň “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­di.

AZIA­DA­NYŇ TA­RY­HY SAN­LAR­DA
“AŞ­GA­BAT 2017” – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän V Azi­ýa oýun­la­ry­dyr. Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty­nyň bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän ikin­ji iri sport ýa­ry­şy­dyr. Mun­dan ozal, bu ýa­ryş iki gör­nüş­de, ýag­ny ýa­pyk bi­na­lar­da aý­ra­tyn­lyk­da hem-de sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça aý­ra­tyn­lyk­da ge­çi­ril­ýär­di. 2005-nji ýyl­da Ban­kok­da il­kin­ji Ýa­pyk bi­na­lar­da Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Şeý­le hem bu şä­her 2009-njy ýyl­da-da il­kin­ji sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­ny gu­ra­dy. 2013-nji ýyl­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Inç­hon şä­he­rin­de ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty Azi­ýa oýun­la­ry bi­le­lik­de ge­çi­ril­di.
45 Azi­ýa we 19 Okea­ni­ýa döw­le­tin­den 6 mü­ňe go­laý tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­nyň iň ulu­sy bo­lar.
2005-nji ýyl­da Ban­kok­da ge­çi­ri­len yk­lym­la­ýyn ýa­ry­şa Azi­ýa­nyň 45 ýur­dun­dan 2343 tür­gen gat­naş­dy we onuň çäk­le­rin­de spor­tuň 9 gör­nü­şi bo­ýun­ça 120 ýa­ryş ge­çi­ril­di. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Inç­hon şä­he­rin­dä­ki ýa­ryş­da bol­sa, 44 ýurt­dan 1663 tür­gen gat­na­şyp, spor­tuň 12 ug­ry bo­ýun­ça 100 ýa­ryş­da baý­rak­ly orun­lar üçin bäs­leş­di­ler.

SPOR­TUŇ YLA­LAŞ­DY­RY­JY­LYK GÜÝ­JI
Hä­zir­ki dö­wür­de sport hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­ýär, öza­ra dü­şü­niş­me­giň we hor­mat goý­ma­gyň, yna­myň eme­le gel­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär. Tür­gen­ler pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­le­ri­dir, olar öz us­sat­ly­gy we er­ki bi­len ada­lat­ly tut­lu­şyk­da olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň be­lent tag­lym­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­ýär­ler, ýaş­lar üçin gö­rel­de bo­lup hyz­mat ed­ýär­ler, ola­ry sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne çek­mä­ge, iş­jeň dur­muş or­nu­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär­ler. El­bet­de, Azia­da ýa­ly ýo­ka­ry de­re­je­li ýa­ryş­lar mu­nuň özi tür­gen­le­riň özi üçin hem, dün­ýä­niň on­lar­ça döw­let­le­rin­de ýa­ryş­la­ryň bar­şy­na syn et­jek mil­li­on­lar­ça adam­lar üçin hem uly baý­ram­çy­lyk­dyr.
Türk­me­nis­tan örän iri sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­ma­ga hem-de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge ukyp­ly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­dy. Öň­de bol­jak “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry ýur­du­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na, onuň dün­ýä ösü­şi­niň be­lent­lik­le­ri­ne, hä­zir­ki­ za­man olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň be­ýik tag­lym­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy­na ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti­niň top­lum­la­ýyn we hem­me­ta­rap­la­ýyn hä­si­ýe­ti­niň tas­syk­na­ma­sy­na öw­rü­ler.