Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň taryhynda öçmejek yz galdyrar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýy ýurdumyz üçin ýatdan çykmajak aýlaryň biri bolar. Yklymlaýyn ýaryş özüniň gerimi boýunça mundan ozalky ýapyk binalardaky oýunlardan has-da tapawutlandy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda “Aşgabat 2017” oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Giň möçberli ýaryşlar üçin görlen taýýarlyk işleri oýunlaryň uzak ýyllaryň dowamynda ýatda galmagy üçin esas boldy.

Geliň, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýatda galmagy üçin edilen giň möçberli işleriň käbirini ýatlap geçeliň!

– Ýa­pyk bi­na­lar­da we
sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa
oýun­la­ry diý­len­de, il­ki bi­len ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan, soň­ra bol­sa, onuň mer­jen şä­he­ri Aş­ga­bat göz öňü­ňe gel­ýär. Paý­tag­ty­myz sport bi­len gal­kyn­dy. Aş­ga­bat şä­he­ri öň­kü­den hem gözelleşdi, in­di bu döw­re­bap myh­man­ha­na­la­ryň, kaşaň ak mer­mer­li bi­na­la­ryň, suw
çüw­dü­rim­le­riň hem-de
ýa­dy­gär­lik­le­riň
me­ka­ny­dyr.

– Ara­gat­na­şyk
mi­nistr­li­gi ýur­du­my­zyň
ta­ry­hy­na uly äh­mi­ýet­li wa­ka
bo­lan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş
sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň hor­ma­ty­na poç­ta mar­ka­la­ry­nyň iki tap­gy­ry­ny çy­kar­dy. Tä­ze poç­ta mar­ka­la­ry tür­gen­ler we jan­kö­ýer­ler üçin
oňat ýa­dy­gär­lik
sow­gat­la­ry bol­dy.

– Ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi
ban­ky Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş
sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň
açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li hüm­me­ti 1, 5, 10, 20, 50 we
100 ma­na­da deň bo­lan bank­not­la­ryň tä­ze 2017-nji ýy­lyň mo­di­fi­sir­le­nen nus­ga­la­ry­ny, şeý­le hem her haý­sy­nyň hüm­me­ti 100 ma­na­da deň bo­lan “Aş­ga­bat Olim­pi­ýa sta­dio­ny” at­ly al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik şa­ýy pul­la­ry­ny do­la­ny­şy­ga çy­kar­dy. Tä­ze pul­lar we ýa­dy­gär­lik şa­ýy pul­la­ry ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň buý­san­jy bol­mak bi­len, köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly pul ýyg­naý­jy­lar hem-de Ýa­pyk bi­na­lar­da
we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa
oýun­la­ry­nyň myh­man­la­ry
üçin aja­ýyp sow­gat
bol­dy.

– Ata Wa­ta­ny­my­zyň
ta­ry­hyn­da şan­ly wa­ka­la­ryň
bi­ri­ne öw­rü­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we
sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na
ýer­li we da­şa­ry ýurt işe­wür­le­rin­de hem uly
gy­zyk­lan­ma dö­re­di. Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki za­man ta­ry­hyn­da mö­hüm sa­hy­pa­ny açan “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň res­mi he­ma­ýat­kär­le­ri­niň hem-de hyz­mat­daş­la­ry­nyň sa­ny ep-es­li art­dy. Ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň “Kä­mil Mar­ket”, “Hoş za­man”, “Türk­men ak ýol” ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri bi­len bir ha­tar­da dün­ýä bel­li CNPC, “Hy­un­dai En­gi­nee­ring”, “Coca-Cola”, “Pet­ro­nas”, “Dra­gon Oil”, “Hua­wei”,
“LG In­ter­na­tio­nal”, “Atos” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar bar.
Olar “Aşgabat 2017”-niň dost­lu­gyň, raý­daş­-
ly­gyň we yl­ha­myň nus­ga­sy bol­jak­dy­-
gy­ny bi­ra­gyz­dan bel­le­ýär­ler.

– Ajaýyp Aş­ga­bat hal­ka­ra
ho­wa men­zi­li Ýa­pyk bi­na­lar­da we
sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa
oýun­la­ry­na gel­ýän myh­man­la­ryň il­kin­ji
du­ral­ga­sy bol­dy. Ter­mi­na­lyň haý­ran gal­dy­ry­jy keş­bi hem­me­ler­de öz tä­si­ri­ni gal­dyr­dy. “Paý­tag­ty­my­zyň la­çy­ny” di­ýen ada eýe bo­lan ho­wa men­zi­li sa­gat­da 2 mü­ňe go­laý ýo­lag­çy­ny ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan hem-de nepis be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­da ýer­leş­di­ri­len ha­ly göl­le­ri­niň
“Iň uly göl” hök­mün­de Gin­ne­siň
re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len
tä­sin des­ga­dyr.