Adam­lar ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri haý­sy­dyr bir sport bi­len meş­gul­la­nyp­dyr­lar. Sport sag­ly­gy­ňy ber­kit­mä­ge, ça­la­syn­ly­gy­ňy, hüş­gär­li­gi­ňi art­dyr­ma­ga hem-de beý­le­ki ukyp­la­ry­ňy kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li dür­li halk­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­i we oýun­la­ry peý­da bo­lýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hy hem ir­ki dö­wür­le­re ba­ryp ýet­ýär. Il­kin­ji Olim­pi­ýa oýun­la­ry mi­la­dy­dan ozal­ky 776-njy ýyl­da Gre­si­ýa­nyň Olimp da­gy­nyň (Gre­si­ýa­nyň iň be­ýik da­gy, beýikligi 2917 m) go­la­ýyn­da­ky ady­bir se­bit­de ge­çi­ri­lip­dir. Häzirki wagtda ulanylýan Olim­pi­ýa sö­zi hem şol at bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Il­ki­baş­da bu ýer­de tür­gen­ler öz ara­la­ryn­da yl­ga­mak bo­ýun­ça bäs­le­şip­dir­ler. Bir gün do­wam ed­ýän ýa­ryş­da ini 32 metr­lik, uzyn­ly­gy 192 metr­lik ylgaw ýoly ge­çi­lip­dir. Bu oýun­lar ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne şert dö­re­dip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da dür­li ara­lyk­lar­da dür­li oýun­lar gu­ra­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len boks, gö­reş, at ara­ba­ly ýa­ryş­lar hem go­şu­lyp, olim­pia­da­nyň do­wam­ly­ly­gy 5 gü­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Il­ki 8 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler, soň­lu­gy bi­len, 4 ýyl­dan ge­çi­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Bu ýaryşlara gat­naş­jak tür­gen­ler ýa­ry­şyň bir aý öňün­den taý­ýar­la­nyp­dyr­lar. Mi­la­dy­dan ozal­ky 146-njy ýyl­da bu oýun­lar Afi­ny­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Bu däp bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 392-nji ýy­ly­na çen­li do­wam edýär.
Ýa­ryş­da üs­tün çy­kan has dog­ru­sy pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup ge­len tür­ge­ne zeý­tun şa­ha­jyk­la­ryn­dan örülen täç geýdirilipdir. Şä­her mer­ke­zin­de bol­sa, “Pry­ta­neion” at­ly myh­man­jaý­da olar üçin ýö­ri­te da­ba­ra ge­çi­ri­lip­dir. Has ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­riň heý­ke­li otur­dy­lyp­dyr we olar dür­li ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp­dyr­lar.
Ýa­ry­şyň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­dä­ki yl­gaw ýo­da­sy­na “sta­di­um” diý­lip­dir. “Sta­di­um – aýak üs­tün­de dur­mak” diý­me­gi aň­lad­ýar. Şol dö­wür­ler tür­gen­le­riň bäs­le­şi­ge aýak üs­tün­de to­ma­şa ed­ýän­dik­le­ri üçin şeý­le at ber­lip­dir. Bu söz il­ki tür­gen­le­riň yl­ga­ýan ýo­da­sy üçin däl-de, ör tu­rup ýa­ry­şa syn ed­ýän to­ma­şa­çy­lar üçin ula­ny­lyp­dyr.
Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryn­da hem spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­lar gu­ra­lar. Onuň çäk­le­rin­de 18-20-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ýapyk bi­na ýeňil at­le­ti­ka top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek ýa­ry­şyň ne­ti­je­sin­de 26 ge­zek me­dal gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler.