Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna sähelçe wagt galdy. Aziýanyň iri sport ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesine gelýänleri haýran galdyrýan zatlaryň biri-de özboluşlylygy bilen tapawutlanýan monorels ulgamy bolup durýar.
Bu ulgam Olimpiýa şäherçesiniň ähli infrastrukturasyny birleşdirip, ýaryşyň geçiriljek döwründe türgenler we resmi wekiller üçin desgadan desga geçmegiň amatly we gyzykly usuly bolar.
Dört bölekden ybarat monorels otlusynyň her biri 75 ýolagça niýetlenendir. Ol 70 km/sag çenli tizlikde hereket edip bilýändigine garamazdan, Oýunlaryň geçirilýän döwründe 45 km/sag tizlikde gatnawlary ýerine ýetirer.
Bu tizlikde hereket edip, otly 8 duralgadan ybarat bolan doly gatnawy 17 minutyň içinde ýerine ýetirýär. Her sagatda 810 ýolagçyny gatnatmaga mümkinçiligi bolan 3 sany otly “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe birwagtda hereket eder.
Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi Atatürk köçesiniň iki tarapynda ýerleşýär. Bu ýerden aňsatlyk bilen geçmek üçin inženerler Aşgabat şäheriniň görküne görk goşýan monorels otlusy üçin iki sany kaşaň köpri gurdular.
Monorels ulgamy hakyky sungat eseridir, sebäbi otlynyň içinde oturan ýolagçylara aşakda uzalýan köçeleriň ajaýyp görki açylýar.
Häzirki wagtda estakadada ýöreýän otlular dynç alyş we haýwanat baglarynda, ullakan söwda merkezlerinde ulanylýar. Şeýle hem olardan howa menzillerinde içerki ulag hökmünde peýdalanylýar.
Ilkinji gezek monorelsli ýol köpugurly sport klasterinde yklymyň uly möçberli ýaryşy – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň çäklerinde Olimpiýa şäherçesinde adam gatnatmakda ulanylýar.