Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. Häzire çenli ýaryşlaryň geçirilen günleriniň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda dürli gymmatlyga bolan medallaryň 127-si ýygnandy.
Türkmenistanyň taýboks boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Gülşat Gylyjowa türkmen türgenleriniň «Aşgabat 2017-däki» 100-nji medalyny gazandy. 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 22 ýaşly türgen gyz ýaryşdaky ilkinji tutluşygyna 19-njy sentýbarda çykdy we owganystanly bäsdeşi Sahra Rezaýeni ýeňip, ýarym final duşuşygyna çykmaga hukuk gazandy. Düýn ýarym finalda bolsa taýboksuň watanyndan — Taýlanddan gelen garşydaşy Sirisopa Sirisaky ýeňlip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady. Bu medal oýunlaryň resmi saýtynda ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gazanan 100-nji medaly hökmünde hasaba alyndy.
Aşgabat şäherinde doglan Gülşat 2015-nji ýylyň ortalarynda taýboksa girişmezden ozal, iki ýylyň dowamynda dzýudo boýunça türgenleşdi. Aşgabat-2017 oýunlary onuň gatnaşýan ilkinji uly ýaryşydyr.