Şu günler Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň, galyberse-de, tutuş dünýäniň ünsi Aziýanyň merjen şäheri Aşgabada gönükdi. Ak mermere beslenen hem-de gözelligi bilen daşary ýurtly myhmanlary haýrana goýýan paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly şowhun bilen dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we nusgalyk göreldesi bilen türkmen sporty günbe-günden pajarlap ösýär. Mähriban Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy halkymyz, aýratynam, ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Ine şu ugurdan gözbaş alýan türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezip, Aşgabat Aziadasynda ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny al-asmana galdyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, çuň pähim-paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän ýurdy, şeýle-de çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwlet hökmünde giňden tanalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesine laýyklykda, durmuşa geçirilýän giň möçberli tutumlaryň netijesinde, merdana, zähmetsöýer, agzybir halkymyz abadan, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ata Watanymyz Türkmenistan ösüşlerden-ösüşlere, beýik ýeňişlere bedew bady bilen barýar. Arka atylýan her bir gün, ýetilýän belent sepgitler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türgenlerimizi barha rowaçlandyrýar.
Yklymyň iri sport ýaryşy hökmünde Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen giren “Aşgabat 2017”-niň her bir güni uly üstünliklere, täze ýeňişlere hem-de şowhun-şagalaňa beslenýär.
TÜRKMENISTAN HEM-DE
AŞGABAT DÜNÝÄ METBUGATYNDA
Şu günler dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan diýarymyz hem-de onuň merjen şäheri Aşgabat barada yzygiderli makalalar, synlar we maglumatlar berilýär. Ol hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda Aziýa yklymynyň iri sport ýaryşynyň gyzgalaňly geçýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň hut özüniň irginsiz aladasy hem-de tagallasy netijesinde, 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ýerli wagt bilen 20:17-de tutuş dünýäniň ünsi Aşgabada gönükdi. Hormatly Prezidentimiziň taryhy hem-de täsirli çykyşy we Aşgabat Aziadasyna badalga bermegi dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme tapdy.
Mähriban Prezidentimiziň açylyş dabarasynda “Häzirki zaman dünýäsinde sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi bolmalydyr. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge saldamly goşant goşmalydyr. Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlygy we başarnygy bilen ak ýürekli bäsleşikde Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýarlar. Ýaşlarda işjeň, döredijilikli durmuş garaýyşlaryny, beýleki halklara dostlugy we hormat goýmagy kemala getirmekde görelde bolýarlar” diýip, aýdan sözleri şu günlerde daşary ýurtlaryň metbugat we elektron neşirlerinde ýerleşdirilen ähli habarlara aýratyn öwüşgin berýär.
Habar beriş serişdeleriniň köpüsi öz teswirnamalarynda bu ägirt uly sport baýramyna gatnaşyjylaryň – birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, görnükli daşary ýurt işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we hormatly myhmanlaryň sözlerini ýerleşdiripdirler. Şol sözlerde halkara hyzmatdaşlygyny, jebisligi, sporty hem-de ylalaşdyryjylyk işini berkitmäge gönükdirilen “Aşgabat 2017”-niň ähmiýeti nygtalýar.
Myhmanlaryň biragyzdan gelen pikirlerine görä, oýunlar, Türkmenistanyň Baştutanynyň sport ulgamyndaky strategiýasy hakyky miweleri getirýär.
Häzirki wagtda dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilýän Aşgabady iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Daşary ýurt metbugatynyň teswirleýşi ýaly, munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýer eýeleri hökmünde ilkinji gezek orta çykýan Türkmenistan üçin şeýle uly möçberdäki ilkinji sport wakasydyr. Bu ýaryşlaryň taryhynda ilkinji gezek Aziýa yklymynyň wekiliýetleriniň ýany bilen Okeaniýa döwletleriniň hem 19-synyň türgenleri gatnaşýarlar.
“Döwlet bu abraýly sport ýaryşlaryna birnäçe ýyllap taýýarlandy. Oýunlaryň dabaraly açylyşy edil täzelenen Aşgabat ýaly haýran galdyrdy” diýip, internet neşirleri habar berýärler.
3,5 sagada golaý dowam eden çeperçilik tomaşa ýerine ýetirijileriň 7500-si, 200 sazanda we jandarlaryň 100-si, çykyş etmek üçin lybaslaryň 75 müň toplumy, beýleki köpsanly tomaşa nyşanlary – bularyň ählisi tötänleýin synçylar üçin göz öňüne getirip bolmajak tomaşadyr – diýip, daşary ýurtly habarçylar açylyş dabarasynyň özlerinde galan ýakymly täsirlerini tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşdy.
AZIÝANYŇ OLIMPIÝA
GEŇEŞINIŇ MASLAHATY
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi.
Aziýanyň Olimpiýa komitetiniň Utgaşdyryjy komitetiniň başlygy Tsunekazu Takeda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji geňeşi XVIII Aziýa oýunlarynyň 2018-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýada geçiriljekdigini we onda sportuň 40 görnüşinden hem-de 462 dissiplinadan ybarat bolan sport maksatnamasynyň düzülendigini aýtdy. XVIII Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-sinden 9500 türgeniň we 5500 topar wekiliniň gatnaşmagynda geçiriler. Şeýle hem Jakarta – “Palembang 2018” hem-de “Hanžou 2022” Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti alyp barýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Mejlisde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidentiniň hem-de Hemişelik komitetiniň hasabatlary, şeýle-de Aziýanyň we Okeaniýanyň türgenleri üçin şeýle ajaýyp döwrebap desgalarda we arassa gurşawda geçýän Oýunlary taýýarlandyklaryna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylaryna gönükdirilen minnetdarlyk sözleri diňlenildi. Ýerine ýetiriji geňeşiň indiki mejlisi Şri-Lankada geçiriler. Onuň geçiriljek senesiniň tassyklanmagyna garaşylýar.
2017-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisi geçirildi. AOG-niň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah assambleýada çykyş edip, şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda geçýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ajaýyp guralandygyny, Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň ýokary derejesini belledi. Aşgabatda Aziýanyň we Okeaniýanyň wekillerini ýygnan giň gerimli sport çäresiniň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli erk-islegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň alamaty boldy diýlip bellenildi.
DÜNÝÄNIŇ NAZARY EZIZ DIÝARDA
Şu günler türkmen paýtagtyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gelýärler. Olaryň hatarynda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuraçy Irina Rodnina hem bar. Daşary ýurtly myhmanlar “Aşgabat 2017”-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryndan başga-da, olaryň paýtagtymyzda bolmagynyň maksatnamasyna ýaş türkmen türgenleri hem-de olaryň halypalary bilen duşuşyklar girizildi we olar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde dürli gezelençler guraldy.
Ýurdumyza gelen myhmanlaryň arasynda “Tokio-2020” tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem bar. Bu wekiliýet birnäçe duşuşyklar geçirdi. Şolaryň netijesinde, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi Sinji Ýamamotanyň arasynda “Oýunlara taýýarlyk görmek boýunça türgenleşik merkezi hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.
Umuman, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň pikirine görä, “Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlary çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan olimpiýa hereketiniň esaslarynda halkara sportuny ösdürmekde täze tapgyr bolar!”.