Ahalteke atlaryna gadyr goýýan milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça ýaryşlaryň düzümine goşulan atly sport,
ýagny konkur boýunça
bäsleşiklere hem badalga
berildi.
Ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň milli nyşany bolan ahalteke bedewimiz bilen gazanylan ýeňiş merdana türkmen halkynyň ruhubelentligini has-da belende galdyrdy.
Atçylyk sport toplumynda geçirilen konkur bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik eden Nikolaý Beglarýan (Türkmenistan) altyn medala, Abdullah Walid Al Şarbatly (Saud Arabystany) kümüş medala mynasyp boldy.
Ildeşimiz Beglarýan taryhy ýeňşinden soňra beren gürrüňinde ata Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke aty bilen altyn medal gazanmagyň özi üçin, galyberse-de tutuş türkmen halky üçin buýsandyryjy pursatlar bolandygyny belläp geçdi. Ol öz atyny 7 ýyl bäri tanamagynyň oňa ýeňiş gazanmaga ýardam berendigini uly buýsanç bilen belledi.
Türkmenistanyň taryhy ahalteke bedewi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen halkynyň arasynda ahalteke bedewleri barada köpsanly nakyllar bar. “Atym bar – ganatym bar” diýýän türkmen halky gamyşgulak bedewlerimize aýratyn sarpa goýýar. Hut şoňa görä-de, Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasy we tutuşlygyna onuň hemme çäreleri bedew bilen baglanyşykly boldy.
Ine, şeýle toýdur şagalaňa beslenýän günlerde atly sportda gazanylan ýeňişler ata-babalarymyzdan miras galan gadymy sungatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.