Bu gün oýun­la­ry bar­ha gy­zyş­ýan Aş­ga­bat Azia­da­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň umu­my ha­sap­da öň­de bar­mak­la­ry äh­li hal­ky­my­zy gu­wan­dyr­ýar, buý­san­dyr­ýar. Oýun­la­ryň res­mi açy­ly­şy Aş­ga­bat­da 17-nji sent­ýabr­da bol­dy, em­ma Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň bi­rin­ji gü­ni 16-njy sent­ýabr­da baş­lan­dy. Şol gün jiu-jit­su, türk­men mil­li gö­re­şi bo­ýun­ça me­dal­lar ug­run­da il­kin­ji bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di, fut­zal bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra ba­dal­ga be­ril­di. Il­kin­ji gü­nüň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň 37 me­dal, şo­lar­dan 16 al­tyn, 14 kü­müş hem-de 7 bü­rünç me­dal bi­len umu­my ha­sap­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­me­gi türk­men tür­gen­le­ri­niň ýokary taý­ýar­lyk de­re­je­sin­den ha­bar ber­ýär.
Ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz türk­men mil­li gö­re­şi­niň er­kin gör­nü­şi bo­ýun­ça hem üs­tün­lik­li çy­kyş et­di. Fi­nal bäs­le­şik­le­ri­ne türk­me­nis­tan­ly­la­ryň 18-si gat­naş­dy, şo­la­ryň al­ty­syn­da di­ňe ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri öza­ra du­şuş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar, mu­nuň özi ag­ram de­re­je­le­ri­niň her bi­rin­de ola­ra me­dal­la­ry ke­pil­len­dir­di. Päl­wan­la­ry­myz türk­men mil­li gö­re­şi­niň er­kin gör­nü­şin­den 10 al­tyn, 14 kü­müş me­dal ga­zan­dy­lar.
18-nji sent­ýabr gü­ni hem spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň baý­rak­ly orun­la­ry­na baý bol­dy. Ol sport­da ga­za­ny­lan­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­ren Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin hem üs­tün­li­ge bes­len­di. Şun­da dür­li de­re­je­li baý­rak­la­ryň 25-si, şol san­da 13 al­tyn, 7 kü­müş we 5 bü­rünç me­dal­lar bi­len ýur­du­my­zyň sport­da ga­za­nan­la­ry­nyň ha­ta­ry art­dy. Mu­nuň özi me­dal­la­ryň umu­my ga­za­ny­lan ha­sa­byn­da öň­de­ba­ry­jy­ly­gy ber­kit­mä­ge ýe­ter­lik bol­dy. 18-nji sent­ýabr­da er­kek­le­riň ara­syn­da fut­zal bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Şol gün türk­men fut­zal­çy­la­ry Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­syn­dan 7:1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy­lar.
22-nji sent­ýab­ryň öýlänine çen­li Aş­ga­bat Azia­da­syn­da ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ri­len gün­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­rlary­my­zyň ha­sa­byn­da dür­li gym­mat­ly­gy bo­lan me­dal­la­ryň je­mi 153-si bo­lup, ola­ryň 59-sy al­tyn, 43-si kü­müş, 51-si bü­rünç me­dal­lar­dyr. Gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça tut­lu­şyk­lar, ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, tür­gen­le­ri­miz üçin ýe­ňiş­le­re baý bol­dy. Kä­bir päl­wan­la­ry­my­zyň bu gör­nüş­de ga­za­nan al­tyn me­da­ly­nyň Aş­ga­bat Azia­da­syn­da ga­za­ny­lan 2-nji, 3-nji al­tyn me­da­ly­dy­gy has-da gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Bu gün türk­men spor­tu­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ge­çen ýo­lu­na, türk­me­nis­tan­ly tür­gen­le­riň olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ne syn ber­len­de, uly ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li olim­pi­ýa ko­mi­te­ti 1993-nji ýyl­da dö­re­di­lip, ol şol ýy­lyň özün­de-de Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne ka­bul edil­di. Türk­men tür­gen­le­ri il­kin­ji ge­zek 1996-njy ýyl­da Ata­lan­ta şä­he­rin­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­dy­lar. Bi­ziň tür­gen­le­ri­miz şol ýyl­dan bä­ri je­mi 6 Olim­pia­da gat­na­şyp, ola­ra spor­tuň je­mi 8 gör­nü­şi bo­ýun­ça we­kil­çi­lik et­di. Olar dzýu­do, boks, ýe­ňil at­le­ti­ka, ny­şa­na ok at­mak, grek-rim gö­re­şi, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, agyr at­le­ti­ka we suw­da ýüz­mek ýa­ly gör­nüş­ler­dir. Şu gör­nüş­le­riň için­den iň kän we­kil­çi­lik ede­ni­miz ýe­ňil at­le­ti­ka­dyr. Tür­gen­le­ri­mi­ziň gat­na­şan 6 Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da je­mi 11 sa­ny türk­men tür­ge­ni ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ryş­la­ry­na we­kil­çi­lik et­di. Mun­dan baş­ga-da dzýu­do bo­ýun­ça 10, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça 9, suw­da ýüz­mek we boks bo­ýun­ça 8 tür­ge­ni­miz olim­pi­ýa sy­na­gy­na çyk­dy.
Olim­pia­da gat­na­şan iň ýaş tür­ge­ni­miz Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan 14 ýaş­ly Dar­ýa Sem­ýo­no­wa­dyr. Ýe­le­na Roý­ko­wa 2004-nji ýyl­da Gre­si­ýa­nyň Afi­ny şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Olim­pia­da gat­na­şan­da 15 ýa­şy­ny dol­du­ryp­dy. Bu Oýun­la­ra gat­na­şan iň ýa­şu­ly tür­ge­ni­miz bol­sa, Ça­ry Mäm­me­dow­dyr. Ol 2000-nji ýyl­da Sid­neý Olim­pia­da­sy­na gat­na­şan­da tas kem 37 ýa­şap gel­ýär­di.
Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na iň köp gat­na­şan tür­ge­ni­miz Ömür­bek Ba­zar­ba­ýew. Ol 2000-nji ýyl­dan 2012-nji ýy­la çen­li ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pia­da­la­ryň dör­dü­si­ne hem gat­naş­dy. Igor Per­ke­ýew bi­len Na­si­ba Sur­ki­ýe­wa bol­sa, üç Olim­pia­da­da ýur­du­my­za we­kil­çi­lik et­di. Na­si­ba Sür­ki­ýe­wa bu gün mil­li ýy­gyn­dy­my­za ýolbaşçylyk ed­ýär, şä­girt­le­ri­ne gö­rel­de bol­ýar, kän san­ly ýe­ňiş­le­ri bar. Ol 19-njy sent­ýabr­da Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryn­da 70 kg ag­ram de­re­je­de fi­nal­da ga­zak tür­ge­nin­den üs­tün çy­kyp, ýe­ňiş ga­zan­dy, öň mil­li gö­reş bo­ýun­ça 2 me­da­ly­ny ha­sap­la­saň, bu oýun­lar­da ol 4 al­tyn me­dal ga­zan­dy. Şeý­le üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän tür­gen­le­ri­miz hal­ky­my­zyň gu­wan­jy­na öw­rül­ýär­ler.
Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi türk­men spor­tu­ny ös­dür­mä­ge uly tä­sir ed­ýär. Bu Oýun­la­ra gir­ýän spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça hem mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­my­zyň dö­re­dil­me­gi öň ýur­du­myz­da meş­hur bol­ma­dyk sport gör­nüş­le­ri­niň hem ös­me­gi­ne iter­gi ber­ýär.
Aş­ga­bat Azia­da­syn­da türk­men tür­gen­le­ri­niň gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň mi­we­si, hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny sport ar­ka­ly ös­dür­me­giň aý­dyň nus­ga­sy­dyr.

Ker­kaw­gel­di Ba­gy­be­kow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň uly mu­gal­ly­my.