Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hy­ta­ýyň Çen­du şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 22-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Şol mej­li­siň çäk­le­rin­de pu­da­gyň ösüş dep­gi­ni we onuň aý­ra­tyn­lyk­da se­bit­ler bo­ýun­ça ösü­şi ba­ra­da ha­sa­bat­lar be­ril­di. Mej­li­se 130-dan gow­rak döw­let­den 1000-den köp we­ki­li­ýet gat­naş­dy. Hy­taý gu­ra­ma­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­gy­ny ikin­ji ge­zek gu­ra­ýar. 2003-nji ýyl­da şeý­le mej­lis Pe­kin şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip­di.
Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de gir­de­ji­li pu­dak­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da 2017-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 6,4 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Şu ýy­lyň ýan­war-iýun aý­la­ry ara­ly­gyn­da tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 598 mil­li­on adam ge­ze­lenç et­di. Bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da­ky de­giş­li dö­wür bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 36 mil­li­on adam köp­dür.
Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid şä­he­rin­de baş eda­ra bi­na­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan ha­bar­na­ma gö­rä, ABŞ, Hy­taý, Ang­li­ýa we Fran­si­ýa ýa­ly ýurt­lar­da ja­han­keş­de­lik ba­bat­da is­leg­le­riň bar­ha art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Gu­ra­ma­nyň ozal­ky baş sek­re­ta­ry Ta­leb Ri­fai pu­dak­da dur­nuk­ly ösü­şiň eme­le ge­len­di­gi­ni bel­le­di.
Gu­ra­ma­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy Or­ta­ýer deň­zi­niň se­bi­tin­de tä­ze­den di­kel­dil­di. Bu ýer­de, hu­su­san-da, Mü­sü­riň, Tu­ni­siň hem-de Tür­ki­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da gaý­ta­dan ösü­şiň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­ýar. De­giş­li dö­wür­de Or­ta­ýer deň­zi­niň se­bi­tin­dä­ki ýurt­la­ra sy­ýa­ha­ta ba­ran ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 12 gö­te­rim kö­pel­di. Şeý­le hem Ýa­kyn Gün­do­gar we Ýew­ro­pa se­bi­ti­ne ge­ze­len­je gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny bol­sa, de­giş­li­lik­de 9 hem-de 7,7 gö­te­rim art­dy.
Gu­ra­ma­nyň bel­leý­şi ýa­ly, 2009-njy ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy her ýyl or­ta­ça 4 gö­te­rim ös­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da-da ösüş dep­gi­ni 4 gö­te­ri­me go­laý­lar we ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 1,2 mil­li­ar­da ýe­ter. 2023-nji ýy­la çen­li tu­tuş dün­ýä­de sy­ýa­hat ed­ýän­le­riň gör­ke­zi­ji­si 1,8 mil­liard ada­ma deň bo­lar.
Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da Azi­ýa se­bi­ti­niň pa­ýy hem art­ýar. 2020-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji 28 gö­te­ri­me deň bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da Azi­ýa­nyň tu­tuş dün­ýä­dä­ki sy­ýa­hat­çy­lyk ba­za­ryn­da­ky pa­ýy 20 gö­te­ri­me deň­dir. Bu ugur­da öň­de­li­gi Ýew­ro­pa se­bi­ti eýe­le­ýär. Onuň gör­ke­zi­ji­si 50-52 gö­te­ri­me go­laý­la­ýar. Sel­jer­me­le­re gö­rä, 2005–2015-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti sy­ýa­hat­çy­lyk ba­za­ryn­da iň ýo­ka­ry ösüş dep­gi­ni­ne, ýag­ny 6,1 gö­te­ri­me eýe bol­dy.
Hy­taý­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­na­gyň çäk­le­rin­de gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne hem se­re­dil­di. Gu­ra­ma­nyň baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne Gru­zi­ýa­nyň da­laş­gä­ri Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li saý­lan­dy. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da gu­ra­ma ýol­baş­çy­lyk eden Ta­leb Ri­fai Gru­zi­ýa­nyň we­ki­li­ne we­zi­pe­si­ni tab­şyr­dy. Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li 2005–2006-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Gru­zi­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry we 2009–2010-njy ýyl­lar­da bol­sa, yk­dy­sa­dy ösüş mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de iş­le­di. Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li 2018–2021-nji ýyl­lar üçin BMG-niň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­tar­ly­gy­na saý­lan­dy.