Şu ýylyň oktýabrynda meşhur amerikan aktýory, prodýuseri we režissýory Tom Henksiň ilkinji kitabynyň neşir edilmegine garaşylýar. Ol “Üýtgeşik ýazuw maşinkasynyň kyssasy” (“Uncommon Type: Some Stories”) ady bilen hekaýalar ýygyndysyndan ybarat bolar. Kitabyň üstündäki işler Henksiň iki ýyl wagtyny aldy.
– Men kitaby ýazýan döwrümde Nýu-Ýorkda, Berlinde, Atlantade, Budapeştde we beýleki şäherlerde filme surata düşdüm. Men kitaby otellerde, gezelençlerde, dynç alyşlarda, uçarda, öýde we ofisde ýazdym. Men işlerimi dynyp, giç agşama çenli ýazýardym – diýip, meşhur aktýor gürrüň berýär.
Ýazuw maşinkasynyň 17 kyssasyndan ybarat ýygyndyny “Alfred A. Knopf” neşirýaty çap eder. Neşirýatyň baş redaktory Sonni Mehtu aktýoryň ilkinji edebi işiniň özünde güýçli täsir galdyrandygyny aýdyp şeýle diýdi:
– Maňa Henksiň ýazyjylyk geriminiň giňligi, degişme we ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri diýseň ýarady. Ol taýýarlanylýan ýygyndy barada ilkinji gezek iki ýyl mundan ozal, Nýu-Ýorkda eşidendigini we Tom Henksiň usulyna we söz oýnadyş başarnygyna haýran galýandygyny gürrüň berdi. Ol bu kitabyň ýazyjy hökmünde, ilkinji kitabynyň boljakdygyny we bu ugurda oňa uly abraý getirjekdigine umyt edýär. Tom Henks 1970-nji ýyldan bäri ýazuw maşinkalaryny kolleksiýa edýär.