30-njy aprel – 3-nji maý aralygynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde atçylyk senagatynyň wekilleriniň we atçylyk zawodlarynyň hojaýynlarynyň iri forumy “Ipposfera” geçirilýär. Bu forumda at bilen iş salyşýan dürli ylmy merkezleriň wekilleri pudagyň täzeçe çemeleşmelerini we tejribelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem bu ýerde dünýä belli tohum atlaryň gözden geçirilişi guralýar.
Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara at sergisi 1999-njy ýyldan bäri geçirilip, hödürlenýän atlarynyň sany boýunça öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrliginiň, ýerli häkimiýetleriň, Atçylyk boýunça bütinrussiýa ylmy-barlag institutynyň, Sankt-Peterburgyň at sporty boýunça federasiýasynyň we beýleki birleşikleriniň ýardamy bilen guralýar.Geçen ýyl bu halkara maslahatyna we gözden geçirilişine 2 müňden gowrak hünärmen gatnaşyp, 17 müň adam gelip gördi we 240 sany at hödürlendi. Oňa Russiýanyň, GDA-nyň, BAE-niň, Sloweniýanyň, Omanyň we beýleki ýurtlaryň atçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu serginiň çäklerinde edilen çykyşlarda bir işçi atyň ýylda 2400 litr nebiti tygşytlaýandygy mälim edildi.