Iň­lis klu­by “Der­bi Ka­un­ti­niň” 51 ýa­şly jan­kö­ýe­ri Ed Wud 189 gün­de 93 du­şu­şy­ga sta­di­on­da to­ma­şa edip, bu ugur­da dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Ol ge­çen möw­süm­de (2016/2017) 93 dür­li sta­di­on­da 93 du­şu­şy­ga to­ma­şa et­di. Wud 2014-nji ýyl­da agyr ke­sel se­bäp­li ara­dan çy­kan ka­ka­sy­nyň ha­ty­ra­sy­na şeý­le eden­di­gi­ni aýd­ýar. Ed Wud­dan öň re­kord şot­lan­di­ýa­ly Ber­wik Reýn­jer­se de­giş­li bo­lup, ol 1969-njy ýyl­da 237 gün­de 93 du­şu­şy­ga sta­di­on­da to­ma­şa edip­di. Ang­li­ýa­dyr Şot­lan­di­ýa­da je­mi 35 müň ki­lo­metr­lik ýol geçen Ed Wud to­ma­şa eden oýun­la­ry­nyň ara­syn­da iň go­wu­sy­nyň “Tot­ten­ham”–“Çel­si” du­şu­şy­gydygyny bel­le­ýär. Bu oýun­da “Tot­ten­ham” 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 13 oýundan bäri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýän “Çel­si­niň” bu üs­tün­li­gi­ni soň­lan­dy­ryp­dy. Onuň iň soň­ky tomaşa eden du­şu­şy­gy-da şu ýy­lyň 21-nji ýan­wa­ryn­da­ky “Roç­deýl”–“Oks­ford” to­par­la­ry­nyň oý­ny bo­lup, on­da ýer eýe­le­ri 4–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Wag­tal-wag­tal kyn­çy­lyk çe­ken­di­gi­ni aý­dan Ed Wud 3–4-nji li­ga­lar­da­ky kä­bir oýun­la­ryň wagt­la­ry­nyň süý­şü­ril­me­gi­niň özi üçin oňaý­ly bo­lan­dy­gy­ny, uly kö­me­gi­niň de­gen­di­gi­ni, şeý­le-de pe­tek tap­mak­da kö­se­nen ha­lat­la­ryn­da, Ko­lin Tol­born at­ly nä­ta­nyş fut­bol jan­kö­ýe­ri­niň ýar­dam eden­di­gi­ni bel­läp geç­ýär. Ol iň soň­ky pur­sat­da ba­ryp ýe­ti­şen du­şu­şy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly şeý­le diý­ýär: – Mans­fild­dä­ki oýun gu­tar­dy. 27 ki­lo­metr ara­lyk­daky Notts Ka­un­ti­dä­ki du­şu­şy­ga-da az sa­lym ga­lyp­dy. Hök­män wag­tyn­da ba­raý­ma­ly­dym. Edil şol pursatda mo­to­sikl­li ge­çip bar­ýan bi­ri ga­bat gel­di. Din Ri­leý at­ly ol adam me­ni 10 mi­nut ga­lan­da sta­dio­na ge­tir­di.
Ed Wud mun­dan so­ňam özü­niň re­kor­dy­ny tä­ze­le­mek is­le­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.