Fut­bol ug­run­dan ösüp, bu ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­mak is­le­ýän Hy­taý döw­le­ti fut­bo­lyň ägirt­le­rin­den Ger­ma­ni­ýa­dan kö­mek so­ra­dy. Bu ba­bat­da ge­çen ýyl iki ta­ra­pyň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp­dy. Şeý­le­lik­de, Hy­ta­ýyň 20 ýa­şa çen­li­le­riň ýy­gyn­dy to­pa­ry (U-20) Ger­ma­ni­ýa­nyň Gü­nor­ta–Gün­ba­tar ýer­li li­ga­syn­da çy­kyş eder. Hä­zir­ki wagt­da bu li­ga­da 19 klub bo­lup, Hy­ta­ýyň 20 ýa­şa çen­li­le­riň ýy­gyn­dy­sy­nyň gat­naş­ma­gy bi­len ola­ryň sa­ny 20-ä çy­kar. Şeý­le­lik­de, mun­dan soň, bir klub her tap­gy­ry boş ge­çir­män, Hy­ta­ýyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy bi­len du­şu­şar. Hy­taý ta­ra­py her klu­ba öza­ra ge­çir­jek 2 du­şu­şy­gy üçin 15 müň ýew­ro be­rer (Umu­my­lyk­da 285 müň ýew­ro). Ne­mes klub­la­ry­nyň hy­taý to­pa­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ryn­da ga­za­ny­lan utuk­lar ha­sa­ba alyn­maz we ne­ti­je­de sa­na­wa tä­si­ri bol­maz. Hy­taý to­pa­ry­nyň (U-20) “öz meý­dan­ça­syn­da­ky” du­şu­şyk­la­ry­nyň Ger­ma­ni­ýa­nyň haý­sy şä­he­rin­dä­ki haý­sy sta­di­on­da oý­na­jak­dy­gy öňü­miz­dä­ki gün­ler­de kes­git­le­ner. Ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy­ny Ger­ma­ni­ýa­nyň 4-nji li­ga­sy­na ug­rat­mak bi­len Hy­taý il­kin­ji ba­bat­da 2020-nji ýyl­da­ky to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny mak­sat edin­ýär.