Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž şä­he­rin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­re­şi tu­tuş dün­ýä­de güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Şonuň jem­le­ri esasynda Pa­riž şert­na­ma­sy ka­bul edil­di. Go­laý­da BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki baş bi­na­syn­da ta­ry­hy waka bo­lup geç­di. Şu ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Pa­riž şert­na­ma­sy­na dün­ýä­niň 175 döw­le­ti go­şul­dy. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun bi­len Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Fran­sua Ol­land bi­le­lik­de ge­çi­ren met­bu­gat ýyg­na­gyn­da ha­bar ber­di.
Dün­ýä döw­let­le­riniň we­kil­le­ri­niň bu res­mi­na­ma gol çek­me­gi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra met­bu­gat we­kil­le­ri üçin du­şu­şyk ge­çi­ril­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry öz çy­ky­şyn­da äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­ga gar­şy gö­reş alyp bar­mak üçin Pa­riž şert­na­ma­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Gol çe­kiş­lik da­ba­ra­syn­da 31 ýur­duň döw­let baş­tu­ta­ny, 2 ýur­duň wi­se-pre­zi­den­ti we 29 döw­le­tiň hö­kü­met baş­ly­gy gat­naş­dy.

135304987_14613679032851n
Da­ba­ra gat­na­şan hu­su­sy pu­da­gyň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne öz ho­şal­ly­gy­ny bil­di­ren Baş sek­re­tar ola­ryň hem bu res­mi­na­ma­nyň ha­ky­kat­da­nam, dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem bu res­mi­na­ma­nyň il­kin­ji ge­zek köp san­ly döw­le­tiň we­kil­le­ri­niň bir­ba­da gol çe­ken hal­ka­ra res­mi­na­ma­sy­nyň bo­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­läp geç­di.
– Gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let we­kil­le­ri gel­di. Dün­ýä li­der­le­ri­niň ag­la­ba­sy­nyň bu ýe­re gel­me­gi hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. In­di­ki mö­hüm ädim – ol hem şert­na­ma­nyň ka­nun taý­dan güý­je gi­ri­zil­me­gini ga­zan­mak­dan yba­rat. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş alyp bar­mak bi­ze tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der. Bu ugur­da­ky gö­reş ga­ryp­ly­gyň azal­ma­gy­na, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne, aç­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga go­şant go­şar – di­ýip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry aýt­dy.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, eý­ýäm 15 döw­le­tiň mil­li ka­nun­çy­lyk eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan bu şert­na­ma tas­syk­lan­dy. Olar – Bar­ba­dos, Be­liz, Fi­ji, Gre­na­da, Mal­diw ada­la­ry, Mar­şal ada­la­ry, Maw­ri­kiý, Nau­ru, Pa­lau, Pa­les­ti­na, Sent-Kits we Ne­wis, Sent-Lýu­si­ýa, Sa­moa we Tu­wa­lu.
Baş sek­re­tar şert­na­ma­nyň il­kin­ji gat­na­şy­jy­la­ry­nyň, esa­san hem, ki­çi ada­lar­dy­gy­ny bel­läp, ola­ryň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne we onuň tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş alyp bar­mak­da öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­syn­da­ky gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy bel­li Žul­ýard saz mek­de­bi­niň ta­lyp­la­ry­nyň çy­ky­şy bi­len baş­lan­dy. Soň­ra bu şert­na­ma il­kin­ji go­ly Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti goý­dy. Onuň yzy­sü­re beý­le­ki ýurt­la­ryň we­kil­le­ri äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin bu äh­mi­ýet­li res­mi­na­ma gol çek­di­ler.
Pa­riž şert­na­ma­sy oňa go­şu­lan döw­let­le­riň 55-si­niň tas­syk­la­ma­gyn­dan soň­ra 30 gün­den soň, güý­je gi­rer. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ösüp gel­ýän ýurt­la­ra ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­me­gi üçin 100 mil­liard dol­lar gö­nük­di­ri­ler. Bu res­mi­na­ma 1997-nji ýyl­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça gol çe­ki­len Kio­to äht­na­ma­sy­nyň or­nu­ny tu­tar.
ABŞ-nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Jon Ker­ri gol çe­kiş­lik da­ba­ra­syn­da öz ýur­du­na we­kil­çi­lik et­di. Da­ba­ra­da çy­kyş eden döw­let sek­re­ta­ry Ker­ri dün­ýä­niň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ug­run­da mö­hüm şert­na­ma gol çe­ki­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Ol soň­ky ýyl­lar­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek üçin dün­ýä döw­let­le­ri­niň uly ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem ol bu ugur­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­niň 330 mil­liard dol­la­ra go­laý­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.