Ang­li­ýa­da aşa­ky li­ga dü­şen “San­der­lend” to­pa­ry­nyň mas­ko­ty­na öw­rü­len 6 ýaş­ly­ja ça­ga­jyk Bred­li Lo­we­ri uza­ga çe­ken agyr ke­sel­den soň ara­dan çyk­dy. Bu ba­ra­da ýa­şa­jyk jan­kö­ýe­riň maş­ga­la­sy: – Og­lu­myz 07.07.2017-de sa­gat 13:35-de eje­si­niň we ka­ka­sy­nyň gu­ja­gyn­da ba­ky­ýe­te göç eýledi. Ol bi­ziň ýaşajyk gah­ry­ma­ny­myz­dy. Ga­ty köp tagalla etdik. Ýö­ne ýerine düşmedi. Wag­ty ge­len­dir-dä. Gy­nan­jy­my­zyň çä­gi ýok. Ol in­di pe­riş­de­ler bi­len. Kö­mek we gol­daw­la­ry­ňyz üçin hem­mä­ňi­ze örän minnetdar – di­ýen se­tir­ler arkaly ha­bar ber­di. 1,5 ýa­şyn­dan bä­ri “nö­rob­las­tom” (rak ke­se­li­niň bir gör­nü­şi) bi­len gö­re­şen ýa­şa­jyk Bred­li we­te­ran hü­jüm­çi Jer­ma­in De­fo­nyň-da uly jan­kö­ýe­ri­di. De­fo öz söýgüli tomaşaçysy bi­len bir­nä­çe ge­zek du­şu­şyp, onuň go­wu­laş­ma­gy üçin pul top­la­mak kam­pa­ni­ýa­sy­ny hem ge­çir­di. Ge­çen ýyl 700 müň­den gow­rak funt ster­ling ýyg­na­ny­lan hem bol­sa, luk­man­lar onuň ke­se­li­niň ju­da agyr­dy­gy­ny, ýokary tap­gyr­da­dy­gy­ny aý­dyp­dy­lar.