Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün
galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar
geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça
ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular.
Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medallar sany boýunça ozalkysy ýaly birinji orny
eýeläp, ýaryş sanawynda ýakyn bäsdeşlerinden artykmaçlygyny artdyrýar. Häzirki wagtda
biziň toparymyzyň umumy gazanan medallarynyň sany 244-e ýetip, olaryň 89-sy altyn, 70-si
kümüş we 85-si bürünç medallardyr.
Biziň toparymyzyň yzysüre HHR-niň ýygyndy topary gelip, olar medallaryň 93-sini, şol
sanda 40 altyn, 30 kümüş we 23 sany bürünç medallaryny gazandylar. Üçünji ýerde
Eýrandan gelen türgenler bolup, olar medallaryň 116-syna, şol sanda 35 altyn, 22 kümüş
we 59 sany bürünç medallaryna mynasyp boldular.
Bugün ýaryşlaryň jemleýji güni bolup, "Aşgabat 2017" oýunlarynyň soňky medallary küşt,
bouling we tennis boýunça ýaryşlarda öz eýelerini tapar.