Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi şä­he­ri­niň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy (AD­NOC) 2018-nji ýyl­da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­ny bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 3,5 mil­li­on bar­re­le çen­li art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da “The Na­tio­nal” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu kom­pa­ni­ýa­nyň ne­bit önüm­çi­li­gi 3,15 mil­li­on bar­re­le deň­dir. Şe­re­ke­tiň 2030-njy ýy­la çen­li stra­te­gi­ýa­sy Emir­li­giň ýo­ka­ry ne­bit ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­dy. De­giş­li dö­wür­de ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na de­giş­li pu­dak­lar­da­ky önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni-de art­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Içer­ki ba­zar­da­ky is­le­gi na­za­ra alyp, ben­zi­niň ön­dü­ri­li­şi­ni hem 2022-nji ýy­la çen­li 2 es­se art­dyr­mak mak­sat edi­nil­ýär.
AD­NOC 1971-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Ol ne­bit we te­bi­gy ga­zy çy­kar­mak, ony gaý­ta­dan iş­le­mek, ne­bit­hi­mi­ýa pu­da­gyn­da iş­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da bu ugur­lar­da dür­li hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýar. Ol ne­bit ön­dür­mek­de dün­ýä­de 12-nji orun­da dur­ýar.