Žoze Karlus Pase adyndaky awtodromda «Formula 1» ýaryşynyň Braziliýa “Gran-prisi” geçirildi. Sürüjileriň umumy sanawynda öňdäki iki orna eýelik edýän “Mercedes” toparynyň wekilleri bu ýerde hem üstünlikli çykyş etdiler. Lýuis Hemilton bilen Niko Rosberg braziliýaly janköýerleriniň şaýatlygynda degişlilikde 1-nji we 2-nji orunlary eýelediler. Häzir olar Abu-Dabide geçiriljek iň soňky, ýagny 21-nji tapgyryň bosagasynda durlar. Hut şol ýerde hem bu iki sürüjiniň haýsy biriniň 1-nji orna mynasypdygy belli ediler.
Möhletinden öň umumy sanawyň 3-nji ornunyň ykbalyny öz peýdasyna çözen Daniel Rikkardo (“Red Bull”) Braziliýa “Gran-prisinde” pellehanadan 8-nji bolup geçdi.
Umumy sanawda 5-nji orny eýeleýän Maks Ferstappen (“Red Bull”) Braziliýadaky bäsleşikleriň jemi boýunça hormat münberiniň 3-nji basgançagyna çykyp, bu tapgyry baýrakly orunda tamamlady.
4-nji orna Serhio Peres (“Fors-India”) mynasyp bolsa, ilkinji 5-ligiň soňky basgançagyny Sebastýan Fettel (“Ferrari”) eýeledi. 2009-njy ýylda Kazan-Aşgabat ugry boýunça geçirilen ralli-reýd ýaryşynda üstünlikli çykyş eden dünýä belli sürüji Karlos Sansyň ogly (Karlos Saýns kiçisi) ýaryşy 6-njy orunda tamamlap, “Toro Rosso” toparyna 8 utuk getirdi. Ol ýagyşly howada şowly çykyş etmäge bil baglamandygyny, emma şeýle kyn şertlerde hem toparynyň abraýyny mynasyp gorandygyna begenýändigini žurnalistler bilen bolan duşuşygynda gürrüň berdi. Şeýle-de, ol öz toparynyň «Formula 1» bäsleşigindäki iň gowy awtoulaga eýelik edýändigini buýsanç bilen dile getirdi.
Toparlaryň bäsleşiginde baýrakly orunlaryň eýeleri birnäçe tapgyr öň belli edildi. Bu ýerde 1-nji orun “Merсedes”, 2-nji orun “Red Bull”, 3-nji orun hem“Ferrari” toparyna degişli.