Türkmen teatr sungatynyň geçmiş taryhyna ser salanymyzda, zehinli artistlerdir režissýorlaryň gör, näçesi sahna durmuşynda öz ussatlyklaryny görkezip, teatr muşdaklarynyň aňynda ömürlik galmagy başarypdyr. Geçmişde öz guýmagursak zehini, belent adamkärçiligi bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, türkmen teatr we kino sungatymyzy arşa galdyrmakda goşant goşan halypa artistlerimizdir režissýorlarymyzyň bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan sarpasy belent tutulýar. Şeýle artistlerimiziň biri-de sahna hem kino ussady, ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan, tä ömrüniň ahyryna çenli ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň sahnasynda ençeme keşpleri janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýewdir.
Bu wäşi, halypa artisti tomaşaçylar köpçüligi ir döwürler “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilip, mawy ekran arkaly tomaşaçylar köpçüligine hödürlenen “Çagaly öý bazar” atly gülküli çeper filmdäki keşbi arkaly hem tanaýandyrlar. Bu filmde Ýagşymyrat Akyýew köp çagaly atanyň keşbinde çykyş edýär. Bir gün günortan ýaşuly üzüm dalbarynyň aşagynda goýlan agaç tekçäniň (tapçanyň) üstünde çaý içip otyrka, birden oň elindäki çaýly käsä üzümiň bir dänesi gaçýar. Bu ýagdaý onuň garagol çagalarynyň seresapsyz eden hereketi netijesinde bolýar. Ýagşy aganyň nurana ýüzi elmydama açykdy. Ol hatda sahnada geplemän dursa-da, tomaşaçylar şatlananlaryny duýman galýardylar. Ýagşy agany kino sungaty arkaly tomaşaçylar köpçüligine äşgär eden keşpleriň ýene-de biri ir döwürler mawy ekran arkaly halk köpçüligine hödürlenen “Tentek” atly çeper filmdäki döreden keşbidir. Bulardan başga-da türkmen telewideniýesiniň edebi-drama gepleşikler bölüminde taýýarlanyp efire berlen “Gysgajyk sahnalardaky” ýerine ýetiren keşpleri hem bellärliklidir. Ol, esasanam, şol sahnalarda Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa, Berdi Aşyrow, Ata Moşşyýew dagy bilen çykyş edýärdi. Bu sahnalar tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanypdy.
Halypa artist Ýagşymyrat Akyýew 1943-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inýär. Şol ýyl Ýagşynyň kakasyny 1941–1945-nji ýyllaryň urşuna ugradýarlar. Şol wagt Ýagşy ýaňy bir üç aýlyjak eken. Onuň ejesi çagalaryny hor etmejek bolup, Sarahs etrabynyň Oraz Salyr daýhan birleşiginde ýaşaýan hossarlarynyňka alyp gelýär. Ýagşy orta bilimi bu obadaky 4-nji orta mekdepde alýar. Ol ony tamamlanyndan soň, Aşgabada gelip, öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanynda ýerleşýän teatr studiýa okuwa girýär. Teatr studiýada Ýagşy, halypa artistler – Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gurbandurdyýew, Nurmuhammet Keşşikow dagydan tälim alýar. Ol gündelik geçilýän aktýor ussatlygy boýunça sapaklardan daşary, teatryň sahnasynda goýul ýan spektakllaryň köpçülik sahnalaryna hem gatnaşyp aktýorçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini özleşdirip başlaýar. Teatr studiýanyň ikinji kursunda Ýagşynyň okaýan topary “Jahan” atly oýny, üçünji kursunda-da “Zor aýakdan doktor bolan” atly spektakly sahnalaşdyrýarlar. Bu oýunlaryň ikisinde-de Ýagşa baş keşbi janlandyrmagy tabşyrýarlar. Teatr studiýada Ýagşy soň halk artistlige ýetişen Orazgül Apbasowa şeýle-de Şemşat Ahmedowa dagy bilen bir kursda okaýar. Teatr studiýany tamamlanlaryndan soň, olar Daşoguzdaky N. Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatryna işe iberilýär. Ýagşymyrat Akyýewe bu teatryň sahnasynda hem “Zor aýakdan doktor bolan” atly spektaklda baş keşbi ýerine ýetirmek miýesser edýär. Soňra kursdaşlar Ý.Akyýew, O.Apbasowa, Ş.Ahmedowa üçüsi Aşgabada Mollanepes teatryna gelip, bu ýerde artist bolup işläp başlaýarlar. Bu teatryň sahnasynda şol wagtlar sahnalaşdyrylan “Gelin gelýär” atly spektaklda ýaş hünärmen hökmünde öýlenýän ýigidiň keşbini janlandyrmak Ýagşymyradyň paýyna düşýär. Spektaklyň wakasy bir günde iki gelin alyjy otlynyň bir küpesine düşýär. Olaryň biri söz aýdylyp, galyň geçirilip alnan, beýlekisi bolsa halaşyp. Ana şol halaşyp öýlenen ýigidiň keşbini Ýagşymyrat ýerine ýetirýär. Onuň öýlenýän gyzynyň keşbini-de kursdaşy Orazgül Apbasowa janlandyrýar. Iň soňunda otly Aşgabada geleninde, gelinleri çalyşylýar we başagaýlyk başlaýar. Şol spektakldan soň Ýagşymyrat Akyýew “O dünýä syýahat”, “Depe göz”, “Turandot”, “Gelinleriň gozgalaňy”, “Görogly”, “Ýar gara gözleriň bendiwany men” atly spektakllarda bir-birine düýbünden meňzemeýän keşpleri ussatlarça janlandyrýar. Soňky ady tutulan spektaklda Ýagşy aga kursdaşy Şemşat Ahmedowa bilen är-aýalyň keşbinde çykyş edýär. Bu spektakl Baş drama teatrynyň repertuaryny ençeme ýyllaryň dowamynda bezemek bilen halk köpçüliginiň söýgüli spektaklyna öwrülýär.
Ýagşy öz kärini söýşi ýaly, çagalaryny hem oňat görerdi. Ol işden öýe giç gelerdi, kä gün repetissiýa, kä gün bolsa spektakl. Agşamky oýun hem bilşiňiz ýaly, giç gutarýardy. Bir gün işden geleninde, öýde ýeke özüm bolamsoň gapyny açmankam, kimsiň diýip seslendim. Aňrydan “Nesip etse äriňdirin” diýen jümle eşidildi, ol Ýagşydy. Men oňa ýuwaşrak gürle, birden goňşular eşitse, gowy däl diýsem, eşitseler eşidibersinler, men bu sözi öz maşgalama, saňa diýýän – diýerdi. Ol wagtlar çagalaram kiçiräk bolansoň ir uklardylar. Ol şonda-da, olaryň ýatyşlaryny synlap guwanardy. Ol öýe gelenden soňam, agşamlyk nahar edinenden soň, ýene-de türgenleşik geçip, sözlerini öwran-öwran gaýtalardy. Partnýoryna derek bolsa, maňa tekstini okadýardy. Ol tüýs işine-de, maşgalasyna-da rakyply adamdy. Bir günem daşarymyzdaky tapçanyň üstünde Ýagşy bilen günorta çaýyny içip otyrdyk. Birden biriniň Şemşat gelneje diýen çagyryş sesi birnäçe gezek eşidildi. Men töweregime garanjakladym, görsem topar gyz-gelin, maňa ýüzlenýän ekenler. Men ör–gökden gelip, Ýagşynyň ýüzüne seretdim. Ol derrew düşünipdir. Bular saňa men spektakldaky aýalym Şemşatdyr öýdýärler diýdi. Şondan soň men olaryň habaryny aldym. Görüp otursam olar Ýagşyny “Ýar gara gözleriň bendiwany men” atly spektaklda görüp, meni Şemşatdyr öýdüpdirler. Soňra olar menden adamyňyz bilen didarlaşyp bolmazmyka diýip haýyş etdiler. Ýagşy bilen bolan gürrüňdeşlikden soň, ýaňkylar gyzyl-gyrlan bolup gitdiler diýip, Ýagşy aganyň ýanýoldaşy Orazgül gelneje tolguna-tolguna adamsy bilen geçen günlerini ýatlady.
Ýagşymyrat aganyň guýmagursak zehin, wäşi adam bolandygy barada, kursdaşy hem kärdeşi Orazgül Apbasowa hem şeýle diýýär:
— Ýagşy bilen partnýor bolup çykyş etmek örän ýeňildi. Sebäbi sahnada bir giden märekäniň öňünde, birden tolgunyp, diýmeli sözi dagy ýadyňdan çykaraýsaň, ol tomaşaçylara bildirmän, saňa ýatladar goýberer welin, hemme aýtmaly sözleriň gelip başlar. Sebäbi Ýagşy haýsy spektakl bolsun, tapawudy ýok, şol pýessanyň hemme sözlerini, ýagny, hemme artistleriň diýmeli sözlerini öwrenip aňyna salmagy başarýardy. Ol şonuň ýaly-da degişmä-de düşünerdi, gaty görmezdi. Ine, şonuň ýaly zehini güýçlüdi, guýmagursakdy. Onuň adamkärçiligi ýumşakdy, hiç wagt gaharynyň gelenini görmersiň. Gaýtam tersine, bir şorta sözüni atar goýberer welin, onsoň erniň bir ýere gelmän gülersiň.
Hawa, Ýagşymyrat Akyýew diňe bir teatr sungatyna goşant goşman, eýsem, kino sungatyna hem goşant goşan artistdi. Muňa mysal edip, onuň “Çagaly öý bazar”, “Ýigit mydama ýigitdir”, “Tentek” atly çeper filmlerde janlandyran keşplerini ýatlap geçmek hem ýeterlikdir. Halypa artist Ýagşymyrat Akyýewe milli teatr we kino sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşandy göz öňünde tutulyp, 2003-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 2007-nji ýylda-da Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar.
Ýeri gelende, Ýagşy aganyň maşgalasy Orazgül gelnejemiziň hem “Bahar” tikin fabriginde tikinçi bolup zähmet çekip, häzirki wagtda hormatly dynç alyşda ýörenligini-de aýtmagymyz gerek. Ýagşymyrat aganyň iki ogly, bir gyzy, on bir agtygy, iki sany çowlugy bagtyýar durmuşda ýaşap ýörler. Ýagşymyrat aganyň gyz agtygy Şirin Ýazyýewanyň babasynyň kesbi-kärini ýöredip gelýändigini hem aýtmagymyz gerek. Ol ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň repertuaryny bezäp gelýän “Romeo we Žulýetta” atly spektaklda Žulýettanyň keşbini janlandyrýar. Şiriniň ilkinji keşbi bolsa, çagalar üçin niýetlenen erteki spektakl bolan “Enemiň owlajygy” atly oýundaky owlajygyň keşbidir. Haçan-da, 2010-njy ýylyň fewral aýynyň 25-i güni Baş drama teatrynyň sahnasynda “Romeo we Žulýetta” spektaklynyň premýerasynyň halk köpçüligine görkeziljek mahaly hem teatra Ýagşymyrat Akyýewiň dünýäden ötenligi baradaky ajy habar gelip gowuşýar. Emma ony agtygy Şirine duýdurmaýarlar. Spektakl tamamlanandan soň aýdýarlar.
Köpleriň halypasy Ýagşymyrat aga tä ömrüniň ahyryna çenli halka, medeniýete hyzmat edip, gülki paýlap geldi. Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýewi muşdaklary we kärdeşleri hiç haçan unutmazlar. Çünki ýagşy adam ýatdan çykmaýar. Sebäbi onuň ady hem Ýagşydy, özem.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň hünärmeni.