Özüniň milli medeni, edebi, taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmek, dünýä ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Belent maksatlardan gözbaş alýan bu ugurlary ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.
Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri-de, häzirki döwürde şan-şöhraty äleme dolan ahalteke bedewleridir.
Gojaman Köpetdagyň goýny gülzar gujagyna sary ýaýylyp gidýän Nusaý özüniň gaýtalanmajak gözelligi, üstünde geçen taryhy wakalary bilen asyrlaryň dowamynda dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlara degişli bolan bu medeni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Olar parfiýalylaryň esasy şäheri bolupdyr. Ýerli ilat Köne Nusaýyň mesgenini häzir hem “Köne Nusaý” diýip atlandyrýar. Baýryň üstünde gurlan bu medeni mesgen 15 gektar ýeri öz içine alýar. Täze Nusaý hem Köne Nusaý bilen bir döwürde, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki III asyrlarda esaslandyrylypdyr. Ol ýerde ýaşaýyş has giçki döwürlerde, XIX asyrda hem dowam edendigi üçin ol “Täze Nusaý” adyny alypdyr.
Ady äleme dolan Nusaý behişdi bedewlerimiziň asly mekanydyr. Alymlar biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda atlary türkmenleriň ary taýpasynyň köpçülikleýin ýetişdirip gelendigini nygtaýarlar.
Taryhyň atasy hasaplanýan Gerodotyň maglumatlaryna görä, saklar we massagetler aty Günüň simwoly hasaplapdyrlar. Baryp-ha, Aleksandr Makedonskiniň tabşyrygy bilen ýazylan “Isgenderiň bedewnamasy” atly eserde Parfiýa çeşmelerinde, Oguz-Orhan ýazgylarynda türkmen atlary, olaryň taryhy barada gyzykly gürrüňler berilýär. Alym hem şahyr, beýik akyldar Omar Haýýamyň “Nowruznama” atly eserindäki biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda ýaşap geçen oguz eposynyň belli gahrymany Alp Är Tunga: “Gün al-asmana nähili derwaýys bolsa, at hem är ýigit üçin şol derejede gerekdir” diýipdir.
Gadymy Nusaýda ýetişdirilen syn-syýakly ahalteke bedewleri Gadymy Gündogaryň Hett, Assiriýa, Urartu, Müsür ýaly güýçli döwletlerinde hem meşhurlyk gazanypdyr. Aleksandr Makedonskiniň Busefal (Bugahal) atly atynyň hem nusaý atlaryndan bolandygyny taryh mese-mälim subut etdi.
Milli Liderimiz Halkara atçylyk assosiasiýasynyň I maslahatynda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar gadymy müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gadymyýetiň alymlary, ýazyjylary – Geredotyň, Strabonyň, Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Ksenofontyň we beýleki meşhur alymlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär”.
Bu parasatly sözler bize taryhyň gatlaryna siňip giden ýazgylaryň käbirini ýatlap geçmäge mümkinçilik döredýär. Meselem, Nusaý atlary barada gadymy rim taryhçysy Appan öz işlerinde şeýle ýazypdyr: “Atlaryň içinde iň owadany Nusaý (Neseý) atlarydyr. Ol atlar güýçli-kuwwatly patyşalara mynasypdyr, daş görnüşleri owadan, üstünde oturana mähirli, agyzdyryga ýeňil boýun bolup, öz tüňňi burnuny, buýsançly kellelerini dik tutýarlar we olaryň altyn öwüşginli ýallary howada birgeňsi pasyrdaýar”.
Gadymy grek taryhçysy Ýustin şeýle ýazypdyr: “Olar (parfiýalylar) hemme wagt atly gezýärler, myhmançylyga-da, döwlet we hususy işini çözmäge-de atly gidýärler. Olar atda syýahat edýärler, duşuşýarlar, söwda edýärler”.
Dünýä belli professor A.A.Brauner bolsa, şeýle belläpdir: “Ahalteke aty düýbünden özbaşdak, örän gadymy tohum”.
Şu ýerde biz bir zady aýratyn nygtap geçmek isleýäris. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 5-nji maýynda irden, ýagny, ýurdumyzda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda, halkymyz bilen bilelikde, paýtagtymyzda ýerleşýän Saglyk ýolundan geçmek, şol günüň ikinji ýarymynda gojaman Köpetdagy etekläp oturan Gadymy Nusaý ýadygärlikleriniň ýanynda atly ýörişe gatnaşyjylara üstünlik arzuw edip, ak pata bermek bilen, ýörişe badalga bermek baradaky pikiri öňe sürdi. Milli Liderimiziň bu çözgüdi çuňňur many-mazmuna eýedir.
Goý, bu işleriň gözbaşynda durmak bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýýan Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa Meredowa,
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň kafedra müdiri.